Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Musulman liderler terrorçylyga garşy tutumlaryny bildirdi


Ahmad Han Rahamini. 16-njy sentýabr, 2016 ý.
Ahmad Han Rahamini. 16-njy sentýabr, 2016 ý.

Ýunion graflygynyň musulmanlar merkeziniň başlygy Nawaz Şeih bombaly hüjüme gatnaşandygyndan şübhelenilýän Ahmad Han Rahamini tanamaýandygyny nygtaýar. Ýöne onuň kakasy Mohammadyň merkeziň agzasy bolandygyny we ençe ýyllap Elizabet metjidinde ybadat edendigini aýdýar.

Şeih we Nýu Jersiniň birnäçe başga musulman liderleri hepdäniň ahyrynda Nýu-Ýork şäherinde bomba partladylmagyny berk ýazgarmak we yslamyň zalymlygy ündemeýändigini nygtamak üçin jemlenipdirler.

Musulman jemgyýetiniň kömegi

Nýu Jersiniň “Baskınq Rıdc” yslam jemgyýetiniň prezidenti Mohammad Ali Çaudry ýerli musulman toparynyň Rahaminiň tussag edilmegine beren goldawyna ünsi çekipdir. Rahami duşenbe güni polisiýa bilen bolan atyşykdan soň ele salnypdyr.

Owganystanda doglan we ABŞ-nyň raýaty bolan Rahaminiň soňky ýyllarda Owganystan bilen Pakistana yzygiderli gatnandygy mälim bolupdyr. Yslam merkeziniň başlygy Şeihiň aýtmagyna görä, ylaýta-da anna günlerinde juma namazynda metjide gaty köp adam gelýär. Çaudry bolsa Nýu Jersi musulman bileleşiginiň agzalarynyň “şeýle ýagdaýyň öňüniň alynmagy üçin” hukuk goraýjylar bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk edýändigini belleýär.

“Bu täze problema däl”

“Bu problemany çözmegiň ýeke-täk çykalgasy, ylaýta-da metjide gelmeýänleriň üstünde işlemekdir. Ýöne soňky wagtlarda bu problemanyň hasam möwjemeginden bäri oňa garşy göreşmegiň wajyplygyna has gowy göz ýetirýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Musulman liderleriň gurnan metbugat ýygnagyna žurnalistlerden başga, Elizabet şäheriniň köpsanly ýerli ýaşaýjysy hem gatnaşypdyr:

“Size görä adamlaryň dürli musulman toparlary birek-bireginden tapawutlandyryp bilmegi gowy bolmazmy? Çünki, olar “musulman” sözüni eşiden mahaly olaryň tapawudyny seljerip bilmeýärler” diýip, ýygnaga gatnaşan ýerli ýaşaýjylardan biri aýdypdyr.

“Biz gürlemesek...”

Çaudry bolsa jemgyýete yslamyň hakykatlaryny düşündirmegiň iň möhüm kynçylyk bolup durýandygyna ünsi çekipdir. Ol musulman liderleriň bu jenaýaty ýazgarmagynyň hem munuň bilen gönümel arabaglanşyklydygyny nygtap: “Esasy problema şundan ybarat, ýagny metbugatda berilýän maglumatlar gynansagam birtaraply we käbir bähbitlere hyzmat edýär. Eger biz gürlemesek, onda nädogry pikirler we garaýyşlar üstünlige eýe bolar”.

Şäherdäki Darul yslam metjidiniň başlygy Hassem Abdellahyň sözlerine görä, häzirki ýagdaýda Elizabet halkyny musulman goňşusynyň terrorçylykly hereketleri goldamaýandygyna ynandyrmak örän wajypdyr:

“Biz bile ýaşaýan adamlarymyzyň muny gaty gowy bilmegini isleýäris, Biz olar bilen bilelikde ösüp, kemala geldik. Bileje mekdebe we uniwersitete gitdik. Futbol oýunlaryna hem bileje giden ýene şol musulmanlar dälmi ahbetin. Biz ynha şeýle musulmanlardyrys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

XS
SM
MD
LG