Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň kinosy bu zenanlara borçludyr


Eýranly aktrisa we režissýor Niki Karimi.
Eýranly aktrisa we režissýor Niki Karimi.

Eýran Ýakyn Gündogarda iň köp zenan kinomatografy bolan bir ýurtdyr. Eýranda zenan kinosynyň taryhy Yslam rewolýusiýasyndan hem gaty irki döwürlerden gözbaş alýar.

Fürug Farruhzad (Forough Farrokhzad), Pouran Derahşande (Pouran Derakhshandeh), Rahşan Bani Etimad (Rahshan Beni Itimad), Tahmina Milani (Tahmineh Milani), Niki Karimi (Niki Karimi), Samira we Hana Mahmalbaflar (Samira we Hana Makhmalbaf) ol ýurduň göreldeli zenan režissýorlarynyň diňe birnäçe sanysydyr. Ady agzalan kinomatografçylar dürli döwürde zenan problemalaryna tapawutly taraplardan aralaşypdyrlar.

Fürug Farruhzad

Eýranly şahyr we režissýor Fürug Farruhzad
Eýranly şahyr we režissýor Fürug Farruhzad

Eýranyň 20-nji asyrda ýetişdiren iň görnükli şahyrlaryndan biri bolan Fürug Farruhzadyň 1962-nji ýylda surata düşüren “Gara öý” (“Khaneh siah ast”) atly kinofilmi, ol ýurtda bir zenan režissýor tarapyndan surata düşürilen ilkinji eserdir. Şahyr režissýor 22 minutlyk gysga metražly filminde Tebrizde mergi keseliniň ýaýran sebitinde bolup geçýän wakalary şahyrana görnüşde suratlandyrypdyr.

1967-nji ýylda dünýeden öten F. Farruhzad kämilleşen Eýran şygyrýetiniň görnükli wekili bolmak bilen bir hatarda Eýran kinosunda hem “Täze akymyň” özboluşly sada režissýory hökmünde at gazanypdyr.

Pouran Derahşande

Pouran Derahşande 1951-nji ýylda Eýranyň kürtleriň köpçülikde ýaşaýan sebitinde, ýagny Kirmanşahda dünýä inipdir. Ol 1975-nji ýylda Tähranda telewideniye we kino uniwersitetini tamamlapdyr. Az salym Kirmanşah telewideniýesinde işländen soň Tährana gaýdypdyr we ol ýerdäki telekanallar üçin dokumental filmleri surata düşüripdir. 1986-njy ýylda “Rabate” atly ilkinji doly metražly kinofilmini surata düşüripdir.

Pouran Derahşandäniň 2013-nji ýylda surata düşüren meşhur “Zenanlar gygyrmaz” atly kinofilmi Eýranda zenan haklary barasyndaky iň gowy filmleriň biridir.

2013-nji ýylda taýýarlan iň soňky döredijilik eseri bolan “Gyzlar gygyrmaz” atly kinofilmi zorlanan, ýöne muny aýdyp bilmeýän zenanlaryň durmuşy barada söz açypdyr. Filmiň gahrymany Şirin toý taýýarlyklary görülýärkä tötänlikde bir adamy öldüripdir, şonuň üçinem ölüm jezasyny alypdyr. Kazyýet ol zenanyň ýaşlygynda yzgiderli zorlanandygyny ýüze çykarypdyr. Režissýor bu filminde jenaýat we adalat garaýyşlarynyň çuňluklaryna aralaşypdyr.

“Zenanlar gygyrmaz” atly kinofilmi Garaşsyz zenan filmleri kinofilm festiwalynda “iň gowy aktrisa” we “iň gowy film” baýragyna, Fejr kinofilm festiwalynda “iň gowy film” diýen serpaýa mynasyp bolupdyr. Şeýle-de, tomaşaçylaryň baýragyna eýe bolupdyr.

Eýranda gaty köp tomaşaçyny özüne bendi eden ol kinofilm zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşdaky oruny we zenanlar barasyndaky adalat düşünjesi bilen baglanşykly gürrüňleriň hakyky manyda gozgalmagyna sebäp bolupdyr.

Rahşan Bani Etimad

Rahşan Bani Etemad 71-nji Wenesiýa kinofilm festiwalyna özüniň meşhur “Ghesseh-ha” atly filmi bilen gatnaşypdy.
Rahşan Bani Etemad 71-nji Wenesiýa kinofilm festiwalyna özüniň meşhur “Ghesseh-ha” atly filmi bilen gatnaşypdy.

​1954-nji ýylda dünýä inen Rahşan Etimad Eýran kinosynyň iň tutanýerli, sarsmaz güýçli, öz durmuşyny bu işe nagyş eden ilkinji zenan režissýorydyr. Ol ýurtda režim üýtgemezden owal kino bilen kömekçi görnüşinde meşgullanmaga başlapdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de telewideniýede işlän ol zenan režissýor Yslam rewolýusiýasyndan soň zenanlara garşy girizilen gadaganlyk sebäpli telewideniýedäki işini taşlamaga mejbur bolupdyr.

Segseninji ýyllaryň ortasynda halaýan hünäri bilen gaýtadan meşgullanmaga başlan zenan režissýor dokumental we çeper filmleri surata düşürmäge başlapdyr. Onuň gahrymanlary hemişe jemgyýetiň aşaky gatlagynyň wekilleri bolupdyr. Obadan şähere göçmek, ykdysady problemalar, garyp mähellelerde ýaşaýanlaryň durmuşy onuň kinofilmleriniň esasy temalaryna öwrülipdir.

R. Etimad senzuranyň ussatlyk bilen hötdesinden gelmegi başaranlaryň biridir. Onuň filmleri görnüş taýdan kadalara gabat gelýänem bolsa, tema we ýaňsylama taýdan diýseň azat ýagdaýda ulgamy tankyt etmegi bilen tapawutlanýar.

Ferial Behzad

Ferial Behzad Eýranda Günbatarda bilim alan ýeke-täk zenan režissýorlaryň biridir.
Ferial Behzad Eýranda Günbatarda bilim alan ýeke-täk zenan režissýorlaryň biridir.

1955-nji ýylda doglan Ferial Behzad Eýran kinosynda Amerikada bilim alan (Boston uniwersiteti) seýrek duş gelinýän režissýorlardandyr.

1990-njy ýylda surata düşüren “Kakoli” atly kinofilmi bilen tanymal bolan F. Behzad, soňra “Darre-ýe shaparakha” (1991), “Roozi ke Khastegar Amad” (1996) we “The swallows in love” (2001) atly kinofilmlerini surata düşüripdi.

Tahmina Milani

Eýranly asly azerbaýjanly bolan zenan režissýor Tamina Milani.
Eýranly asly azerbaýjanly bolan zenan režissýor Tamina Milani.

1960-njy ýylda Tebriziň golaýyndaky Milan şäherinde dünýä inipdir. Asly azerbaýjanly bolan Tahmina Milani Eýranyň iň tanymal zenan režissýorlarynyň biridir. Režissýor 1999-njy ýylda surata düşüren “Iki zenan” (“Do zan”) we 2001-nji ýylda surata düşüren “Gizlin ýarty” (“Nimeh-Ýe penhan”) atly kinofilmleri bilen meşhurlyk gazanypdy.

T. Milani iki kinofilminde hem wawwaly syýasy metamorfozalary başdan geçirýän eýran jemgyýetini dürli zenan obrazlarynyň üsti bilen suratlandyrmaga synanşypdyr.

“Iki zenan” atly kinofilmde Eýranda ýüze çykan syýasy hadysalardan, režim üýtgänden soň çepçilere garşy amala aşyrylan gysyş syýasatyndan, Musadyk döwrüniň milli syýasatyndan, bütin bularyň töwereginde maşgalanyň içinde we jemgyýetde zenanlara garşy ýöredilýän basyşlara ünsi gönükdirilipdir.

Ol filmi surata düşürendigi sebäpli ýedi ýyllap senzura edarasy bilen çekeleşen Milani ondan bir netije alandan soň hem gysyşlara duçar bolupdyr we tussag edilipdir. Režissýor Eýrandaky ýöredilýän režimiň we şerigatyň kanunlaryna garşy çykmakda aýyplanyp, ölüm jezasy berlipdir, ýöne daşary ýurtlardan we ýurduň içinden edilen tagallalar netijesinde azatlyga çykarylypdyr.

Duçar bolan oňaýsyz ýagdaýlaryna garamazdan, öz ýolundan dänmeýän Milaniniň “Gizlin ýarty” atly nobatdaky kinofilmi şol owalky temanyň dowamy bolupdyr. Ol filmde režissýor Yslam rewolýusiýasyndan owal çepçi zenan hereketiniň agzasy bolan bir zenanyň, režim üýtgänden soň owalky durmuşyny gizlinlikde saklap, bir sülçä durmuşa çykyşy barasynda gürrüň berýär.

Filmiň gahrymany owalky durmuşy bilen täze durmuşynyň arasynda ugruny ýitiripdir. Emma günleriň bir güni owalky egindeşiniň kazyýet işini adamsynyň alyp barmaly bolandygyny öwrenen mahaly onuň bilen ýagdaýy maslahat etmegi ýüregine düwýär.

Tahmina Milaniniň rewolýusiýa mahaly eýran zenanlarynyň durmuşy barada söz açýan “Gizlin ýarty” atly kinofilminden bir bölek.

Çepçi zenanlaryň hem beýleki ähli zenanlar ýaly ahlaklydygyny görkezen Milani ol filmi bilen çepçi zenanlara, umuman alynanda çepçilere garşy bolan oňaýsyz tutuma närazylygyny bildiripdir.

Niki Karimi

1971-nji ýylda Tähranda dünýä inen Niki Karimi Eýran kinomatografiýasynyň ilkinji ýyldyz aktrisasy ýaly tanymal bolupdyr. Öz döredijiligine 1990-njy ýylda surata düşüren “Waswasa” atly kinofilmi bilen başlan we 50-ä golaý kinoda rol oýnan N. Karimi öz ýurdunda bolşy ýaly, dürli halkara festiwallarda ençeme gezek “iň gowy aktrisa” baýragyna mynasyp bolupdy.

Niki Kariminiň aktrisa bolup rol oýnan “Men onuň aýaly” (2014) atly kinofilmi
Niki Kariminiň aktrisa bolup rol oýnan “Men onuň aýaly” (2014) atly kinofilmi

2005-nji ýylda bolsa režissýor hökmünde “Bir gije” atly ilkinji kinofilmini, bir ýyl soň hem “Birnäçe gün soň” atly kinosyny surata düşüripdi.

Döredijilik işlerinde has köpräk aktrisa ugry boýunça dowam eden Niki 2011-nji ýylda täzeden “Ahyrky fit” atly kinofilmiň režissýory bolupdy. Kariminiň häzirki wagtda surata düşüren iň soňky filmi 2015-nji ýylda lenta geçirilen “Gije nobaty” atly kinofilmdir.

Niki Karimi aktrisa höküminde rol alan kinofilmlerinde we režissýor höküminde surata düşüren filmlerinde zenan näzikligini suratlandyrmagy ürç edipdir. Onuň öz başyny çaramagy başarýan zenan obrazlary eýran jemgyýetinde diýseň halanýan we nusga alynýan göreldeli zenanlar hasaplanypdyr.

N. Karimi şol bir wagtyň özünde aktýorlyk sungaty barada sapak hem berýändir.

Ida Pananhande

1979-njy ýylda dünýä inen Ida Panahande döredijilik ýoluna 2005-nji ýylda başlapdyr.

Köpsanly gysga metražly çeper we dokumental filmleri surata düşüren režissýoruň 2015-nji ýylda taýýarlan ilkinji “Nahid” atly doly metražly çeper filmi halkara Kann kino festiwalynyň “Özboluşly garaýyş” ugry boýunça bäsleşipdir we “Awenir” baýragyna mynasyp görülipdir.

Ida Panahandeniň Kann kino festiwalynyň baýragyna eýe bolan, Eýranda zenanlaryň aýrylşmak meselesini görkezýän “Nahid” kinofilminiň treýleri.

“Nahid” kinofilmi adamsyndan aýrylyşan zenan Nahidiň döwletiň girizen gadaganlary bilen öz duýgylarynyň arasynda galmagy we şeýle göreşiň netijeleri barasynda gürrüň berýär.

Nahidiň 10 ýaşyndaky ogly kakasy bilen ýaşaýar ekeni. Zenan öz çagasynyň hossarlyk ygtyýaryny diňe bir şertde öz üstüne alyp bilýär, ýagny gaýtadan başga birine äre baran mahaly. Nahid, şeýlelikde, öz çagasyny ýa-da söýgüsini – birden-birini saýlap almaga mejbur bolupdyr. Film eýran jemgyýetinde zenanlaryň öz ykbaly üçin alyp barýan göreşini, enelik bilen zenanlygyň bütewiligi barasynda diýseň hakykata laýyk täsirli mysallary suratlandyrypdyr.

Marziýa Meşkini Mahmalbaf

Tanymal eýran režissýory Mohsin Mahmalbafyň ikinji aýaly bolan Marziýa Meşkini kino sungatynda ilkinji ädimlerini Mahmalbaf film öýünde ädipdir. Ähli maşgala agzalaryny kinomatografiýa bilen meşgullandyran Mohsin Mahmalbaf ýanýoldaşyna hem bu ugurda uly goldaw beripdir.

Kino surata düşürilýän meýdançada beýleki maşgala agzalarynyň filmlerine assistenlik edip döredijilik işine başlan Marziýanyň režissýor höküminde ilkinji tejribesi 2000-nji ýylda lenta düşürilen “Meniň zenan bolan günüm” atly kinosydyr. Ol filmde dürli döwürlerde ýaşan, tapawutly ýaşda we tapawutly jemgyýetçilik gatlaklardan bolan zenanlaryň durmuşyny suratlandyrmaga synanyşypdyr.

Marziýa Meşkini Mahmalbafyň Wenesiýa we Toronto kinofilm festiwallarynda görkezilen meşhur “Meniň zenan bolan günüm” atly filminiň treýleri.

Mahmalbaflaryň maşgalasy Owganystana göçenden soň, hemmesi şol bir wagtyň özünde kino surata düşürýän mahaly Marziýa Meşkini “Özüni ýitiren itler” atly kinofilmiň režissýorlugyny alyp barypdy.

Film kakasy Guwatemalada, ejesi bolsa Owganystanda tuggsaglykda saklanýan iki doganyň we olaryň amerikan jynsyndan bolan bir kiçijik itiniň başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Režissýoruň 2009-njy ýylda ýanýoldaşy Mohsin Mahmalbaf bilen bilelikde surata düşüren “Gar bilen gelen adam” atly filmi bolsa, eýan kinosynyň çäginiň daşa çykan ekran eserine öwrülipdir. Kinoda Russiýanyň welaýatlarynyň birinde bir naharhanada bolup geçen hadysalar daşary ýurtly bir myhmanyň nukdaýnazaryndan suratlandyrylypdyr.

Samira Mahmalbaf

Eýranly režissýor Samira Mahmalbaf
Eýranly režissýor Samira Mahmalbaf

Mohsin Mahmalbafyň uly gyzy bolan Samiranyň çagalygy kino surata düşürilýän meýdançalarda geçipdir. Ol 8 ýaşynda kakasynyň “Welosipedçi” atly kinosynda surata düşüpdir. 17 ýaşynda bolsa Mohsin Mahmalbafyň esasyny ýazan ilkinji doly metražly “Alma” atly kinofilmini surata düşüripdir we Kann festiwalyna gatnaşan iň ýaş režissýor bolupdyr. Tanymal fransuz režissýory Jan-Lýuk Kodaryň hem diýseň halan “Alma” atly kinofilmi 100-den gowrak festiwala gatnaşypdyr we 30 ýurtda halk köpçüligine hödürlenipdir.

Ilkinji filmi bilen bagty çüwen Samiranyň “Mekdebiň ýazgydy” atly ikinji fimi eýranly kürtleriň durmuşy barasynda bolupdy. Kann kinofilm festiwalynda emin agzalaryň ýörite baýragyna mynasyp bolan ol filmde baş roly eýranly režissýor Bahman Kobadi oýnapdy.

Samiranyň ondan soňky işi 11-nji sentýabr terrorçylykly hüjümlerine gönükdirilen “11-nji sentýabr” atly kinofilmi bolupdy. Ol bu işinde Ken Loach, Shohei İmamura, Shonn Penn, Yusuf Shahin ýaly tanymal režissýorlar bilen bilelikde işläpdir.

Reäissýor “Iki aýakly it” atly ondan soňky kinofilmini Owganystanda lenta ýazypdy. Talyban režimi dargandan soň Owganystanda surata düşürilen we owgan çagalarynyň ykbaly barasynda söz açan “Iki aýakly it” atly film Samiranyň ikinji gezek Kann festiwalynda emin agzalaryň ýörite baýragyny gazanmagyna sebäp bolupdyr.

Ýaş bolmagyna garamazdan Samira Mahmalbaf 2004-nji ýylda “Guardian” gazetiniň halk köpçüliginiň pikrini öwrenmek üçin geçiren çäresinde, dünýäniň iň gowy režissýorlaryndan biri saýlanypdyr.

Hana Mahmalbaf

1988-nji ýylda dünýä inen Hana Mahmalbaf maşgalasynyň iň kiçi agzasy, ol kakasy bilen uýasynyň ýoluny dowam etdiripdir. Ol hem ilkinji kino tälimini Mahmalbaf film öýünde alypdyr. Uýasynyň kinofilmlerinde assistent höküminde işläpdir. Döredijiligine uzak metražly kinofilm bilen başlan Hana “Budda utanjyndan dargady” atly ilkinji kinofilmini Owganystanda surata düşüripdir. Film, uruş şertlerinde, bombalaryň astynda ýaşaýan 6 ýaşyndaky Baktaý atly gyzjagazyň mekdebe gitmek, sowatly bolmak üçin alyp baran göreşini gaty ussatlyk bilen hakykata laýyk ýagdaýda suratlandyrypdyr.

Hana Makhmalbafa uly şowlulygy getiren “Badda utanjyndan dargady” atly çeper filmi Owganystanda aýal-erkek deňhukuklulygynyň bozulmagyna bagyşlanypdyr.

Hananyň 2009-njy ýyldaky prezident saýlawlary mahalynda surata düşüren Eýranda zenanlaryň we umuman alynanda ýaşlaryň hak-hukuklary barada söz açan nobatdaky “Ýaşyl günler” atly kinofilminiň Eýranda görkezilmegi gadagan edilipdir. Ol kino bilen bilelikde şol döwürde kakasynyň hem Eýran hökümetine garşy çykyş edendigi sebäpli Mahmalbaf maşgalasy Eýrany terk etmäge mejbur bolupdyr.

Bellik: Kinoşynas Ryza Oýlumuň “Ýakyn Gündogar kinomatografiýasy” atly kitabyndan.

XS
SM
MD
LG