Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ymamnazara bardy, Garlyga barmady


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Lebap welaýatyna sapar edip, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Prezident BerdimuhamedowAtamyrat etrabynyň Ymamnazar serhetýaka çägine baryp, Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Anthoý demirýolunyň gurluşygynyň gidişi, Ymamnazar gümrük nokadynyň işi, bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşdy.

Habarda aýdylmagyna görä, bu gümrük nokadyndan günde ortaça 250-300 sany ýük maşyny geçýär, ýylda 70 müňden 80 müňe çenli awtoulag geçýär.

Şeýle-de habarda bu geçelgeden ýylda ortaça 600 müň tonna çenli ýüküň geçýändigi, olaryň 545 müň tonnasynyň eksport harytlarydygy, 50 müň tonnasynyň tranzit, 5 müň tonnasynyň bolsa import harytlarydygy aýdylýar.

Türkmenistan ýapyk ýurt bolansoň, bu maglumaty garaşsyz çeşmeler arkaly barlamak mümkin bolmady.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow Lebaba saparynyň çäginde Garlykda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşmady.

Minsk golaýda Aşgabady bu proekt boýunça maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplady.

XS
SM
MD
LG