Sepleriň elýeterliligi

Aziýa ösüş banky Türkmenistanda 10,8 prosent ösüşi çaklaýar


Türkmenistan, bank nobatlary

Türkmenistan, bank nobatlary

Türkmen ykdysadyýetiniň ösüş derejesi şu ýylyň aýagyna çenli 10,8 prosente baryp ýeter diýip, Aziýa ösüş bankynyň «Aziýa ösüş perspektiwalary -2014» atly hasabatynda aýdylýar.

Bankyň maglumatyna görä, bu ösüş derejesi 2015-nji ýylda 11,5 prosent bolupdyr.

Dokumente laýyklykda, ýylyň birinji ýarymynda, gaz öndürilişiniň 12 prosent, gurluşygyň 15 prosent ýokarlanmagy bilen, ösüş 9 prosent bolupdyr.

Bu döwürde inwestisiýa ösüşiniň 8,3 prosent bolandygy, gaz eksportynyň 14,7 prosent bolandygy aýdylýar.

Emma bu getirilýän sanlary başga garaşsyz çeşmeler arkaly barlamak mümkinçiligi ýok.

Şol bir wagtda Türkmenistandan aýlyklaryň aýlap gijikdirilýändigi barada habarlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG