Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Garaguma syýahatçy çekmäge çagyrýar


Derweze, syýahatçylary köp gyzyklandyrýan ýer

Derweze, syýahatçylary köp gyzyklandyrýan ýer

Garagum çölüni, özboluşly ekologiýa sistemasy hökmünde, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizmek ugrunda tagalla edilýär diýip, TDH habar berýär.

Bu tema prezident Berdimuhamedowyň paýtagtyň Garagum çöli bilen sepleşýän ýerine eden saparynda gozgaldy.

Döwlet baştutany Garagumyň özboluşly tebigy gözelliginiň daşary ýurtly syýahatçylary has köp özüne çekjegini aýdýar.

Türkmenistanyň uly bölegini tutýan Garagum çöli 350 müň inedördül meýdany tutmak bilen, dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolup durýar.

Emma synçylar Türkmenistanyň wizasyny almakdaky kynçylyklar sebäpli ýurda gelmek isleýän syýahatçylaryň o diýen köp däldigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG