Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Siriýadaky zarbalarynda 10 müňe golaý adam öldi


Aleppo, howa zarbalarynyň netijesi
Aleppo, howa zarbalarynyň netijesi

Siriýanyň oppozisiýadaky gözegçilik topary, raýat urşuna gözegçilik etmek bilen, Orsýetiň uran howa zarbalary netijesinde bir ýylda uruşdan tozan ýurtda 9,364-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 30-njy sentýabrda bu sanawyň 3,804 sany graždan adamy, şol sanda 906 çagany hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Pidalaryň arasynda Moskwa tarapyndan goldanylýan režimi agdarmaga çalyşýan pitneçi söweşijiler-de bar.

Şeýle-de bu topar rus howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň 2,746 agzasyny, beýleki yslamçy pitne toparlarynyň 2,814 söweşijisini öldürendigini aýdýar.

Orsýet Siriýadaky howa kampaniýasyna geçen ýylyň 30-njy sentýabrynda, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçlerini goldamak netijesinde başlady.

XS
SM
MD
LG