Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar arzan çilimi gözleýärler


Türkmenistanyň hökümeti 2020-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmek planyny yglan etdi

Türkmenistanyň hökümeti 2020-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmek planyny yglan etdi

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary çilimi has arzan bahadan satyn almagyň ýoluny tapdylar, diýip garaşsyz maglumatlary çap edýän “Türkmenistanyň hronikasy” atly neşir Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhetýaka regionlarynyň ilaty üçin wizasyz geçiş düzgüninden peýdalanyp, çilimi Gazagystandan satyn alyp barýandygyny habar berdi.

Gazagystanda çilimiň bir gutusynyň arzan bahasynyň 240 teňňe ýagny 0.75 amerikan dollaryna barabar derejede kesgitlenendigi habar berilýär.

Türkmenistanda çilim 21-nji iýundan bäri resmi görnüşde satylmaýar. Gizlin ýoldan elden satýan nokatlarda çilimiň bir gutusynyň bahasy 30-njy sentýabrda

Aşgabatda 50-80 manat aralygyna boldy. Daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasyny doly ýatyran Türkmenistanda, pul çalyşmak üçin kesgitlän resmi kursuna görä, çilimiň bir gutusynyň bahasy 22 dollardan aşdy. Amerikan dollarynyň “gara bazardaky” kursuna görä, çilimiň bir gutusynyň bahasy 13 dollardan aşýar.

Aşgabatda çilimiň bir gutusynyň bahasy 50-80 manat aralygyna boldy

Aşgabatda çilimiň bir gutusynyň bahasy 50-80 manat aralygyna boldy

Gazagystanyň Mangystau regionyna wizasyz barmak mümkinçiligine eýe bolan türkmenistanlylar kanun boýunça rugsat berlen iki guty çilimi Gazagystan tarapyndan satyn alyp yzyna dolanýarlar. Şu sebäpden “Temir baba” serhet geçelgesinde günde uly nobatlar emele gelýär diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşri habar berýär.

“Temir baba” serhet geçelgesinde Azatlyk Radiosyna bu ýagdaý barada maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Çilimkeşligiň bahasy

Türkmenistanda soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda, çilim söwdasyny amala aşyrmaga resmi ygtyýar diňe döwlete degişli dükanlara berlipdi.

Hususan-da, paýtagtda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenbakaleýa” edarasyna, Aşgabat şäheriniň Söwda edarasyna we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Söwda edarasyna degişli dükanlarda gutusynda saglyga zyýany barada türkmen dilinde ýazylan duýduryşly çilimler satylýardy. Olaryň bahasy 10-11 manat aralygyndady.

"Temir baba" gümrük geçelgesi, Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhedi.

"Temir baba" gümrük geçelgesi, Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhedi.

21-nji iýunda bu çilim söwdasy doly ýatyrylyp, agzalan çilimleriň gizlin ýoldan satýan nokatlarda peýda bolandygyny we olaryň bahasynyň 40-45 manada ýetendigini, emma şol çilimleriň hem 15 gün mundan öň doly ýitirim bolandygyny Aşgabadyň ýaşaýjysy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Amanmyrat Bugaýew şu günler daşary ýurtlardan getirilýän “Parliament”, “Prestige” markaly çilimleriň 75-80 manatdan satylýandygyny, şeýle-de Gazagystanyň fabrikalarynda öndürilen “Kent” çiliminiň 50 manatdan satylýandygyny gürrüň berdi.

Göreşiň netijesi

Türkmenistanda çilim söwdasy doly döwlet gözegçiliginde saklanýar. 2016-njy ýylyň 1-nji aprelinde, Türkmenistana alnyp barylýan çilim önümlerine ýörite döwlet aksiz belgileri girizildi. 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Türkmenistanyň territoriýasynda goşmaça resmi aksiz belgileri bolmadyk temmäki önümleriniň söwdasyna gadagançylyk girizildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen girizilen bu çäräniň “Raýatlaryň saglygyny temmäkiniň tüssesinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak”, “Salgytlar baradaky kodeksiniň” we 2012-2016- njy ýyllarda çilimkeşlige garşy göreş boýunça planyň çäginde amala aşyrylandygy döwlet mediasynda habar berildi.

Resmi maglumata görä, dokument döwletiň temmäki we alkogol önümleriniň söwdasyny we dolanyşygyny kadalaşdyrmak üçin kabul edilipdir.

Türkmenistanyň hökümeti 2020-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmek planyny yglan etdi. Emma türkmenistanlylar hökümetiň çilimkeşlige garşy göreşiniň diňe gadagançylyk häsiýete eýe bolup, ýurtda çilimkeşlikden saplanmak üçin ilata medisina, sosial ýardam çäreleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Soňky çilim gytçylygynyň çilimkeşleriň gadagançylykdaky nasa, bikanun temmäki önümçiligine, şeýle-de saglyga howply dürli serişdeleri çekmäge iterendigi barada dürli maglumatlar gowuşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG