Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylaryň azerbaýjanly studenti urup-ýenjendigi aýdylýar


Arhiwden alnan surat.

Arhiwden alnan surat.

Ukrainanyň Sumi şäherinde birçä türkmenistanly ýaşlaryň azerbaýjanly studenti urup-ýenjendigi habar berilýär.

“Vesti.az “ neşiriniň 29-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, Sumi oblastyndaky azerbaýjanlylaryň kongresiniň başlygy Mehriban Salmanowa “APA” habar agentligine Sumi şäheriniň Oba-hojalyk institutynyň 3-nji kurs talyby kürdamirli Guliýew Tural Hatamhan ogluna 20-ä golaý adam tarapyndan hüjüm edilendigini habar berdi.

“Bu waka agzalýan uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynyň golaýynda bolup, içgili haldaky türkmenistanlylaryň bir topary ýatakhananyň garry komendantyna yrs arap başlaýar. Şonda golaýda duran T. Guliýew olary özlerini dürsemäge çagyranda, oňa türkmenleriň birnäçesi tarapyndan hüjüm edilip, demir simler bilen urlup-ýenjilýär. Studenti ölendir öýden türkmenistanlylar wakanyň bolan ýerini terk edýärler” diýlip, Azerbaýjanyň habar agentliginde bellenilýär.

Saglyk ýagdaýy

Bu wakadan soň, beýindäki trawma zerarly keselhana ýerleşdirilen Guliýewe “agyr kontuziýa” we “hereket sazlygynyň ýitendigi” barada diagnoz goýulandygy aýdylýar. Emma wakanyň anyk haçan bolandygy barada jikme-jik maglumat berilýär.

Salmanowanyň sözlerine görä, häzirki wagtda Azerbaýjana getirilen Guliýewiň saglyk bejergisi üçin, köp möçberde pul serişdesine zerurulyk bar. Şeýle-de, ol waka bilen baglanyşykly özleriniň polisiýa ýüzlenendigini, “emma ilkibada toparyň bir agzasy tussag edilen bolsa-da, soňra onuň goýberilendigini” aýtdy. Ol: “Biziň yzygiderli eden şikaýatlarymyza garamazdan, hiç hili çäre görülmedi” diýdi.

Ýeri gelende aýtsak, Azatlyk Radiosyna boldy diýilýän bu wakany ne Sumi şäheriniň Oba-hojalyk institutynyň resmilerine, ne-de Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylar barada wagtal-wagtal dürli maglumatlar peýda bolýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň Stambul şäheriniň Saryýer etrabynda, Azat Orunow atly bir türkmen raýaty başga bir türkmenistanly tarapyndan sapança bilen atylyp öldürildi.

Awgust aýynda hem 2012-nji ýyldan bäri Demirzgazyk Kipr türk respublikasynda wizasyz gaçgak ýagdaýda ýaşan türkmen raýatlary Merdan Mehmanow bilen Baýram Halbaýewiň ogurlykda aýyplanýandygy barada türk metbugat serişdelerinde maglumatlar peýda bolupdy.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, ýokarda agzalan wakalar barada türkmen metbugatynda halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG