Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama, Merkel Orsýetiň Siriýadaky “wagşylygyny” ýazgarýar


ABŞ Orsýetiň Aleppodaky howa zarbalaryny "wagşylyk" atlandyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:34 0:00

ABŞ Orsýetiň Aleppodaky howa zarbalaryny "wagşylyk" atlandyrýar

Orsýetiň we Siriýanyň söweş uçarlarynyň Aleppo şäherinde weýrançylykly bombalama kampaniýasyny dowam etdirmegi sebäpli, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonyň Siriýada atyşyklary bes etmek boýunça Orsýet bilen alnyp barylýan gepleşikleri togtatmagyň bäri ýanynda durandygyny aýdýar.

Kerri bu beýanaty 29-njy sentýabrda etdi. Ondan birnäçe sagat ozal Kreml Birleşen Ştatlaryň Siriýada Moskwa bilen hyzmatdaşlygy togtatmak baradaky haýbatyny ret edip, ors güýçleriniň hökümetiň Alepponyň töwereklerinde gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky regionlara edýän hüjümlerini goldamagy dowam etdirjekdigini aýdypdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 29-nji sentýabrda telefon gepleşiginde Aleppoda "ýüz müňlerçe parahat ilatyň bardygyny, olaryň ýarysynyň çagalardygyny" belläp, Orsýetiň we Siriýanyň bu şähere urýan howa zarbalaryny "wagşyçylyk" diýip atlandyrdylar diýip, Ak tam habar berdi.

Şäheriň gündogarynda ýerleşýän uly keselhanalaryň ikisi ir sagatlarda bombalandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun muny "uruş jenaýaty" diýip atlandyrdy.

Ak tam Obama bilen Merkeliň "Siriýada söweşleriň soňlanmagy we Birleşen Milletler Guramasyna gabawdaky we aňsatlyk bilen baryp bolmaýan etraplara ynsanperwer kömegini ýetirmäge ýol bermekde" Orsýetiň aýratyn jogapkärçilik çekýändigi barada pikirdeşdiklerini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Kerriniň 20-njy sentýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýada ýagdaýyň "gowşakdygy" hakynda telefon arkaly pikir alşandygyny tassyklady.

Bu maslahatdan soňra Birleşen Ştatlaryň bir sözçüsi Moskwa tarapyndan "möhüm ädimler" ädilmese, Waşingtonyň Siriýa boýunça Orsýet bilen gelnen ylalaşygy togtatmak mümkinçiliginiň "juda çynlakaýdygyny" nygtady.

Ýöne Orsýet muňa 29-njy sentýabrda Daşary işler mininstrliginiň Amerikanyň Siriýada Orsýet bilen hyzmatdaşlygy ret etmegi "terroristlere" berlen sowgat bolar diýmegi bilen gaýtargy berdi.

Ministrligiň sözçüsi Maria Zaharowa Facebookda Waşington öz haýbatyna eýerip, hyzmatdaşlygy kesse, bu "Ak tamyň militantlary öz ganatynyň astyna aldygy bolar" diýdi. Ol bu terroristlere edilen iň gowy sowgat bolar diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Waşington bilen Orsýet Siriýada atyşyklaryň dowamly ýatyrylmagy barada ençeme aý bäri gepleşik geçirýär. Bu barada gelnen soňky ylalaşyk birnäçe güne çeken asudalykdan soňra 19-njy sentýabrda bozuldy.

Bir wagtlar Siriýanyň iň uly şäheri bolan Aleppo 19-njy sentýabrdan bäri güýçli howa zarbalaryndan ejir çekýär.

29-njy sentýabrda Waşingtonda geçen maslahatda Kerri häzir dowam edýän bombalama kampaniýasy uruş jenaýatlarynyň üstüne urna boldy diýdi.

"Biz gepleşigi togtatmagyň gyrasynda durus, sebäbi bular ýaly bombalama işleri gidip otyrka oturup-da, bolýan zatlara çynlakaýlyk bilen garamaga synanyşmak bimany" diýip, Kerri aýtdy.

Ol şeýle hem: "Bu biziň başga ýollary gözlemeli pursatlarymyzyň biri" diýdi.

Ondan ozal Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow Waşingtonyň hüjümler Aleppoda parahat ilatdan ýüzlerçe adamy öldürdi diýip beren duýduryşyny "emosional ýarylyş" diýip ret edip, bu terrorizmi goldamak bilen deň diýdi.

Ryabkow Waşingtonyň Aleppo hüjümlerine ýedi gün aralyk bermek barada eden çagyryşyny "kabul ederliksiz" diýip ret edip, bu militantlara öz toparlaryny täzeden düzmek üçin wagt berer diýdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow hem Döwlet departamentiniň beýanatyny tagaşyksyz diýip häsiýetlendirip, Siriýada "terrora garşy uruş" dowam eder diýdi.

Kerri 29-njy sentýabrda eden çykyşynda Siriýa parahatçylyk getirmek boýunça belli bir çemeleşişi agzamady.

Ol şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Siriýada urşa girmegi ähtimal däl diýdi.

Obama 28-nji sentýabrda Siriýa goşun ibermek barada "oýlanyşykly" bolmak möhüm, sebäbi bu "ynanyp bolmajak pidakärlik" bilen baglanyşykly, galyberse-de Amerikanyň goşuny Owganystanda we Yrakda iş alyp barýar diýdi.

"Dünýäde ýaramaz zatlar bolýar, biz oýlanyşykly hereket etmeli. Siriýada iki tarapyň-da bütinleý batan raýat urşuny togtadara mümkinçilik ýok" diýip, ol Wirjiniýada bir harby bazada aýtdy.

Angela Merkel Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefon arkaly geçiren maslahatyndan soňra "gazaply hereketleri köşeşdirmek we syýasy prosese mümkinçilik bermek" barada Orsýet jogapkärçilik çekýär diýdi.

Merkeliň býurosynyň bildirmegine görä, Merkel bilen Erdogan Aleppoda "ynsanperwer halkara hukugynyň gaýta-gaýta bozulmagynyň kabul ederliksizdigi", şeýle hem "atyşyklaryň bes edilmeginiň ozalkylardan has zerurdygy" hakda ylalaşypdyr.

XS
SM
MD
LG