Sepleriň elýeterliligi

Hindistan bilen Pakistan bir-birini aýyplaýar


Hindistan, Srinagar, protestçiler, 26-njy sentýabr, 2016

Hindistan, Srinagar, protestçiler, 26-njy sentýabr, 2016

Hindistan bilen Pakistan bir-birini dawaly Kaşmir sebitinde bellenen araçäk liniýasynyň boýunda gelnen ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda günäleýär.Pakistan goşuny 1-nji oktýabrda «Hindi güýçleri Çamb sektoryndaky kontrol liniýasynyň boýunda ýene bir gezek, sebäpsiz ýerden atyşygy dikeltdi» diýdi.

Hindistanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi hindi güýçleriniň 1-nji oktýabr güni irden pakistan goşunlarynyň Aknur sektoryndaky araçäk liniýasynyň boýunda, Hindistanyň Jammu ştatynda we Kaşmirde atan oklaryna jogap gaýtarandyklaryny aýtdy.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyklar şu aýyň başyndan, Pakistanda ýerleşýän jeňçiler Nýu-Deliniň kontrollygyndaky Kaşmirde bir harby baza çozup, 18 esgeri öldüreli bäri güýçlendi.

Hindistan şondan bäri Pakistanyň ygtyýaryndaky Kaşmiriň birnäçe kilometr içine, «terror» nyşanalary diýilýänlere «hirurgiýa urgularyny» urdy.

Hindistan bilen Pakistan ýetmiş ýyl ozal Britaniýadan garaşsyz bolaly bäri üç gezek urşa girdi, bu uruşlaryň ikisi dawaly Kaşmir sebitiniň üstünde boldy.

XS
SM
MD
LG