Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Pakistan bilen Hindistany dialoga çagyrýar


 Ban Ki-mun
Ban Ki-mun

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Hindistan bilen Pakistanyň arasynda Himalaýdaky Kaşmir sebiti üstündäki dartgynlyklary köşetmek üçin araçy bolmagy teklip etdi.

Bu teklip 30-njy sentýabrda, Pakistanyň BMG-däki ilçisi Ban bilen duşuşyp, ony iki sany ýadro ýaragly bäsdeşiň arasyndaky barha beterleşýän «howply» ýagdaýyň arasyna göni goşulyşmaga çagyranyndan soň edildi.

Ban iki tarapy hem sabyr-kanagatlylyga we dartgynlylygy gowşatmak üçin çäre görmäge çagyrdy diýip, onuň sözçüsi aýtdy.

BMG-niň başlygy Pakistan bilen Hindistan ylalaşylmaýan meseleleri diplomatiýa we dialog arkaly çözmeli diýdi we öz araçylygyny teklip etdi.

"Bu sebitdäki howply pursat" diýip, Pakistanyň ilçisi Maleýeha Lodhi Ban bilen duşuşykdan soň aýtdy.

"Eger-de biz krizisden sowuljak bolsak, onuň ara goşulmaly wagty geldi, sebäbi bu krizisiň barha beterleýändigini görýäris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG