Sepleriň elýeterliligi

Azeri mejlisi Ýewropa parlamenti bilen gatnaşyklaryny dikeldýär


Azerbaýjan, Milli Mejlis

Azerbaýjan, Milli Mejlis

Azerbaýjanyň parlamenti Ýewropa parlamenti bilen bir ýyl gowrak ozal togtadylan gatnaşyklary dikeltmek barada rezolýusiýa kabul etdi.

30-njy sentýabrda, Bakuwdaky milli mejlisde guralan ses berişlik bu rezolýusiýany tassyklamak bilen, Ýewropa parlamentiniň gören çäreleri dialogy we hyzmatdaşlygy dikeltmäge ýolaçdy diýdi.

2015-nji ýylyň sentýabrynda, Ýewropa parlamentiniň Bakuwdaky hökümeti adam hukuklaryny bozmakda tankytlamagyna jogap edip, Azerbaýjanyň parlamenti özüniň Ýewronest parlament assambleýasyndaky agzalygyny togtadypdy.

Ýewronest parlament assambleýasy bir forum bolup, oňa Ýewropa parlamentiniň agzalary we Ukrainanyň, Moldowanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň milli parlamentleri girýär.

Azeri parlamenti 2015-nji ýylyň sentýabrynda özüniň Ýewropa Bileleşigi-Azerbaýjan parlament hyzmatdaşlygy komitetine agzalygyny hem togtatdy.

Ýewropa parlamentiniň delegasiýasy 19-21-nji sentýabrda Azerbaýjana, gatnaşyklary dikeltmek barada prezident Ylham Alyýew bilen gepleşmek üçin sapar etdi.

XS
SM
MD
LG