Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aleppo bombalanýar, şäher içinde uruş möwjeýär


 Aleppo, 29-njy sentýabr, 2016

Aleppo, 29-njy sentýabr, 2016

Uruş uçarlary Alepponyň pitneçileriň elindäki demirgazyk bölegini bombalaýar, Siriýanyň goşuny şäheriň gabawdaky Köne kwartalyny topa tutýar.

Pitneçiler we gözegçi topar 1-nji oktýabrda howa zarbalarynyň pitneçileriň elindäki ýerleriň üpjünçilik liniýalaryna gönügendigini, Suleýman al-Halabi mähellesinde, demirgazyk Alepponyň Köne şäheriniň front liniýasynda söweşiň möwç urýandygyny aýtdylar.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy Suleýman Al Halabi mähellesiniň hökümet güýçleriniň güýçli bombalamasyna sezewar bolandygyny, bu ýerde söweşiň möwjäp-peselip durandygyny habar berdi.

Halas ediş işgärleri 30-njy sentýabrda şäherde, pitneçileriň elindäki ýerlere ýakyjy we fosfor bombalaryny ulanmak arkaly urlan zarbalar esasynda, azyndan 30 adamyň öldürilendigini aýtdylar.

Şu aralykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri güýjň garşysynda diplomatiýanyň goldanmazlygyndan 'lapykeç' bolýandygyny dile getirdi.

Kerri Ak tamyň Siriýadaky urşy soňlamakda ABŞ-nyň harby güýçlerini däl-de, diplomatik tagallalary ulanmagy goldamak çekişmesinde ýeňleninden soň, lapykeç bolýandygyny boýun aldy diýip, «New York Times» 30-njy sentýabrda habar berdi.

Gazet Kerriniň 22-nji sentýabrda BMG-niň Golland missiýasynda režime garşy siriýalylaryň topary bilen eden 40 minutlyk maslahatynyň audio ýazgysyny ele salandygyny aýdýar.

Çen bilen 20 adamdan ybarat wekiliň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahata Siriýanyň pitneçileriň elindäki ýerlerinde magaryf, halas ediş, saglyk hyzmatlaryny edýän dört toparyň wekilleri we üç ýa-da dört ýurduň diplomatlary goşulypdyr diýip, Taýms gazeti aýdýar.

Bu duşuşyk Kerriniň Orsýet bilen gepleşen ýaraşygy synandan we Alepponyň pitneçileriň elindäki ýerleri Moskwanyň we prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň agyr howa zarbalaryna duçar bolanyndan biraz soň geçirildi.

Gazet Kerriniň, harby güýçleri ulanmagyň çynlakaý wehiminiň garşysynda, öz diplomatiýasynyň goldanylmaýandygy barada gaýta-gaýta şikaýat edendigini ýazýar.

"Meniň pikirimçe, siz adminstrasiýada güýç ulanmagy öňe sürýän üç-dört adama seredýärsiňiz, men bu çekeleşikde ýeňildim» diýip, Kerri gazetiň websaýtynda goýlan ses ýazgylarynyň bir ýerinde aýdýar.

"Biz diplomatiýa eýermäge çalyşýarys we men munuň lapykeçlige salýandygyna düşünýärin, bu ýerde bizden beter lapykeç bolan ýok» diýip, Kerri aýtdy.

XS
SM
MD
LG