Sepleriň elýeterliligi

Etniki türkmen pälwanlary Aşgabatda göreşmek isleýär


Owganystanyň Garkyn etrabynda Akmyrat pälwana serpaý gowşurylýar.

Owganystanyň Garkyn etrabynda Akmyrat pälwana serpaý gowşurylýar.

Türkmenleriň gadymdan gelýän esasy däpleriniň biri hem göreş, ýagny toýda bil tutuşyp, pälwanlykda güýç synanyşmak bolup durýar.

Käbir ýerlerde gurnalýan toý-dabalar göreşsiz geçmeýän bolsa, käbir ýaşaýyş ýerleriniň öz pälwanlary bilen meşhurlyk gazanan mahaly hem az däl.

17-nji we 18-nji sentýabrda Türkiýäniň Hataý diýen ýerinde Bütündünýä göreş bäsleşigi 7-nji gezek gurnaldy we oňa 30-a golaý ýurtdan pälwanlar gatnaşdy.

Emma bu ýylky bäsleşikde dünýä türkmenleriniň pälwanlary, owalkylar ýaly, üstünlikli çykyş edip bilmediler.

Türkmen metbugatynda bolsa, Gyrgyzystanyň Çolpanata diýen ýerinde geçirlen 2-nji halkara çarwalar oýunlaryna gatnaşan türkmenistanly pälwanlaryň üstünlikli çykyş edip, 23 medal bilen dolanyp gelendigi aýdylýar.

Ýogsa-da, häzirki globallaşýan dünýäde dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmen pälwanlary durmuşda we iş ýüzünde nähili problemalar bile ýüzbe-ýüz bolýarlar?

Dünýä türkmenleriniň arasynda gadymdan gelýän pälwançylyk häzirki döwürde nähili dowam edýär? Türkmen pälwanlary ýerli, sebitara we halkara bäsleşiklerinde nähili çykyş edýärler?

Azatlyk radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu gezekki sany goňşy ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmen pälwanlary bilen söhbetdeşlik esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG