Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň 'daşynda jem durýan' ýaşulular sylaglandy


Türkmenistanda şenbe güni Ýaşulularyň halkara güni bellenip, prezident G.Berdimuhamedowyň adyndan ýaşululara sylag hökmünde awtoulag sowgat bermek dabarasy guraldy.

Biraz öň türkmen telewideneisi prezident Berdimuhamedowyň Gyrgyzystanda çarwa oýunlary boýunça guralan ýaryşlarda üstün çykyjylara birnäçe awtoulag sowgat berişini görkezipdi.

Emma bu gezekki prezident sowgady milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa tarapyndan, prezidentiň özüniň gatnaşmazlygynda gowşuryldy.

Telewideniýäniň ekranynda öň aýnasyna «Hormatly prezidentimiziň sowgady» diýlip ýazylan, içinde prezidentiň aýnadan daşaryk garadylyp goýlan portreti ýerleşdirilen kiçi awtobus, ýere düşelen gyzyl gölli halylaryň üstünde el çarpyp duran adamlar görkezilýär.

Awtoulag berlen ýaşulularyň wekili, özüni «Gurbangeldi Aýlyýew, Türkmenistanyň hormatly il-ýaşulusy» diýip tanadan ýaşuly awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp,prezidentiň edýän işlerini mahabatlandyrýar we oňa alkyş sözlerini aýdýar.

Şol bir wagtda-da prezidentiň awtoulag sowgadyna ol ýa-da beýleki görnüşde dahylly görünýän garry eneleriň birnäçesiniň awtoulaga un sepişi görkezilýär.

Emma muňa garamazdan, prezident tarapyndan sowgat berildi diýilýän awtoulagyň kimiň ýa nämäniň hasabyna, näçe ýaşula, nähili esasda ulanmak üçin berlendigi, ýagny oňa hakykatda anyk kimiň eýeçilik etmelidigi ýa-da onuňtoparlaýyn ulanylmalydygy aýdylmaýar.

Gurbangeldi Aýlyýew öz çykyşynda prezident tarapyndan berildi diýilýän sowgady «şa serpaýy» diýip atlandyrýar. Şeýle-de ol türkmen döwletiniň «sagatsaýyn däl, minutsaýyn ösüp, ulalyp barýandygyny» aýdýar, «her günümiz toý-baýramlara beslenip dur» diýýär.

Awtoulag sowgadynyň gowşurylyş dabarasynda çykyş eden Gurbangeldi aganyň tassyklamagyna görä, «munuň ýaly dereje, munuň ýaly hormat-sylag entek hiç ýerde görlüp-eşidilmedik zatdyr».

Mundanam başga, Gurbangeldi Aýlyýew prezidentiň «il-ýurt bähbitli edýän aladalaryny» wagyz etmekde güýç gaýgyrmazlygy, «elmydama prezidentiň daşynda jem bolup durmagy» wada berdi.

Türkmen telewideniýesi awtoulag sowgat berlen ýaşulularyň täze maşynda gezelenç edendiklerini, Saglyk ýodasyna barandyklaryny, Ýaşulularyň halkara gününiň tutuş ýurt boýunça aýdym-sazly çäreler bilen utgaşandygyny habar berýär.

Halkara Ýaşulular güni 1991-nji ýyldan bäri bellenilýär. Bu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite karary esasynda, ýaşy bir çene baran adamlaryň problemalaryna giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen bellenilýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde iş başyndaky resmileriň talaplary boýunça saýlanyp alnan ýaşuly adamlaryň häkimiýetler tarapyndan gurnalýan köpçülik çärelerine gatnaşdyrylyşy, olaryň alnyp barylýan syýasaty goldap, taryplap edýän çykyşlary yzygiderli görkezilýär.

Emma ýurtda ýaşuly adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ol kynçylyklary aradan aýyrmak, gartaşan, ýeke galan ýa eli ýuka garrylaryň problemalary barada türkmen metbugatynda anyk maglumatlar berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG