Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengerler bosgun kwotosyna garşy ses berýär


Wengriýa, bosgunlary depýän kameraçy, 8-nji sentýabr, 2015
Wengriýa, bosgunlary depýän kameraçy, 8-nji sentýabr, 2015

Wengriýalylar referendum geçirip, Ýewropa Bileleşiginiň galan bölegine migrantlara garşy berk yşarat iberdiler.

Premýer-ministr Wiktor Orban siriýaly we beýleki bosgunlaryň Ýewropada ornaşmagyna garşy sesleriň öňüni çekmek bilen, bikanun bosgunlary togtatmak üçin iki haýat gurdurdy.

Şeýle-de ol watandaşlaryny ÝB-niň şeýle bosgunlary kabul etmek baradaky kwotosyny ret etmäge çagyrdy.

Pikir soraýyşlar saýlawçylaryň aglaba köplüginiň ony goldaýandygyny görkezýär.

Emma kwota referendumy diýilýän esasan simwoliki ýagdaýda galjaga meňzeýär.

Ýöne muňa garamazdan, ÝB resmileri wenger referendumynyň özlerine Ýakyn Gündogardan, Owganystandan we beýleki ýerlerden, konfliktden gaçyp gelýän bosgunlary kabul etmezlik barada edilýän basyşlary güýçlendirmek ähtimallygyndan alada galýarlar.

XS
SM
MD
LG