Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjik aktiwistiniň aýaly Bişkekde tutuldy


Jennet Hamzaýewa

Jennet Hamzaýewa

Gyrgyz häkimiýetleri täjik oppozisiýa aktiwisti Sobir Waliýewiň aýalyny tussag etdiler, bu maglumaty aktiwistiň maşgalasy we adam hukuklaryny goraýjylar ýaýratdy.

Gyrgyzystanyň «Kylym Şami» adam hukuklary guramasynyň başlygy Aziza Abdirasulowa 2-nji oktýabrda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna Jennet Hamzaýewanyň öten agşam Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan tussag astyna alnandygyny aýtdy.

Hamzaýewa Bişkege Stambuldan gelende saklandy.

Hamzaýewanyň tussag edilmegi onuň ejesi, Bişkekde ýaşaýan Gylnara Aýtaliýewa tarapyndan tassyklandy.

Waliýew öz aýalynyň Gyrgyzystana ýarawsyz ejesine seretmek üçin gidendigini, onuň hiç bir syýasy işe goşulmandygyny aýtdy.

Häzir Warşawada ýaşaýan Waliýew geçen hepde ÝHHG-nyň adam hukuklary maslahatyna gatnaşyp, Täjigistanyň adam hukuklary ýagdaýynytankyt etdi.

XS
SM
MD
LG