Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-a Siriýa babatda duýduryş berýär


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa

Orsýetiň uruş uçarlary we olaryň Siriýadaky hökümet ýaranlary Aleppoda separatistleriň kontrolynda ýerleşýän ýerlere edýän howa hüjümlerini dowam etdirdiler.

Pitneçiler we kömek işgärleri olary şäheriň esasy keselhanalarynyň birini weýran etmekde we azyndan iki näsagy öldürmekde aýypladylar.

Şu aralykda Orsýet Birleşen Ştatlara Siriýanyň hökümet güýçlerine hüjüm etmezlik duýduryşyny berdi, ýagny bu hili çäräniň diňe Siriýada däl, tutuş sebitde "aýylganç, tektonik netijelere" alyp geljekdigini öňe sürdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa ýene Siriýada režim çalyşmagyň «derrew dürli görnüşdäki terrorçylar bilen dolduryljak boşluk döretjekdigini» duýdurdy.

XS
SM
MD
LG