Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus baýdagyny göteren belarus resmisine jaý sowgat edildi


Andreý Fomaçkin.
Andreý Fomaçkin.

Riodaky Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda rus baýdagyny göterip ýörişe gatnaşan Belarusyň Sport ministrliginiň resmisine Orsýetde kwartira beriler.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa 2-nji oktýabrda Facebook sosial ulgamyndaky sahypada ady aýdyňlaşdyrylmaýan biznesmeniň Andreý Fomaçkine “eden işi üçin” şahsy sowgat hökmünde kwartira berjekdigini ýazdy.

Kwartiranyň nirede ýerleşýändigi barada anyk maglumat berilmeýär, emma Zaharowa Fomaçkiniň öz sowgadyny almak üçin Moskwa gelendigini ýazdy.

7-nji sentýabrda Braziliýada geçirilen Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Fomaçkin rus baýdagyny göterip ýörişe gatnaşan soň, Halkara Paralimpiýa komiteti ony oýunlardan çykarda.

XS
SM
MD
LG