Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: Türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmeli


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebit-gaz we nebiti gaýtadan işlemek pudagy boýunça türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösdürmek perspektiwalaryna ünsi çekdi.

Duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugatynda berlen maglumatda prezident Berdimuhamedowyň Kataryň nebit-gaz pudagynyň tejribelerini öwrenmegiň zerurulygyny nygtap, türkmen delegasiýasyny Doha ugratmak barada buýruk berendigi aýdylýar. Emma agzalýan bu delegasiýasynyň haçan Katara ugrajakdygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Şu ýylyň aprel aýynda prezident Berdimuhamedow Kataryň Olimpia komitetiniň başlygy Jauan bin Hamad Al-Tanini kabul edip, Kataryň işewür toparlaryny tebigy gazy gaýtadan işlemek baradaky bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamanyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrypdy.

Şonda türkmen metbugatynda Kataryň Olimpia komitetiniň başlygynyň TOPH proýektine gatnaşmak baradaky çagyryş bilen bagly reaksiýasy barada hiç bir zat aýdylmandy.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýlupdy.

XS
SM
MD
LG