Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Ukrain žurnalisti içalyçylykda aýyplanýar


Roman Suşçenko.
Roman Suşçenko.

Ukrainaly žurnalist içalyçylyk aýyplamalary bilen Orsýetiň tussaghanasynda saklanylýar.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) resmileriniň 3-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Roman Suşçenko 30-njy sentýabrda Moskwada tussag edildi.

Federal howpsuzlyk gullugy Suşçenkonyň Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň polkownigidigini hem-de Orsýetiň Ýaragly güýçlerinden we Milli gwardiýasyndan gizlin maglumatlary ýygnaýandygyny öňe sürdi.

Bu aralykda, Moskwanyň Lefortowo etrap sudy Suşçenkonyň iki aý deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy.

Habarçynyň işleýän kompaniýasy “Ukrinform” Suşçenkonyň dynç alyş üçin Moskwa barandygyny aýtdy.

Şeýle-de, habar agentligi düýbi Parižde ýerleşýän habarça garşy ýöňkelýän aýyplamalar “Orsýetiň ukrain raýatlaryna garşy amala aşyrýan bikanun hereketleriniň ýene biri diýlip häsiýetlendirilip bilner” diýdi.

Suşçenkonyň aklawçysy Mark Feigin öz müşderisiniň içalyçylyk agentlikleri bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG