Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ‘Talyban’ demirgazykda, günortada hüjümlere başlady


Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary.

Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary.

Owgan resmileri “Talyban” hereketiniň söweşijileriniň ýurduň demirgazygyndaky Gunduz şäherinde utgaşykly hüjümlere başlandygyny we günortada bir etraby ele geçirendigini aýdýarlar.

3-nji oktýabrda daňdan söweşijiler Gunduzyň dört tarapyndan hüjüme başladylar. Munuň netijesinde hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy.

Wakada azyndan bir polisiýa ofiseri öldi we başga-da dört sanysy ýaralandy diýip, Owganystanyň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Gunduz polisiýasynyň koordinasiýa býurosynyň başlygy Mohammadullah Bahej söweşijileriň yza serpikdirilendigini, emma çaknyşyklaryň şäheriň çetinde heniz hem dowam edýändigini aýtdy.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid söweşijileriň şäherdäki birnäçe barlag nokatlaryny ele salandygyny aýtdy.

Mundan bir ýyl ozal bolan uruşda Gunduz birnäçe günlük “Talybanyň” gözegçiligine geçipdi. Birleşen Milletler Guramasy şol çaknyşyklarda 289 adamyň ölendigini we başga-da ýüzlerçesiniň ýaralanandygyny habar beripdi.

Bu aralykda, Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda resmiler söweşijileriň Laşkar Gah şäheriniň günortasyndaky etraby basyp alandygyny we ýerli polisiýa başlygyny öldürendigini aýdýarlar.

Owgan polisiýa resmisi Nawa etrabynda howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky çaknyşyklaryň dowam edýändigini aýdýar.

Bu hüjümler 4-nji oktýabrda Brýusselde geçiriljek halkara donor konferensiýasynyň öňýanyna gabat geldi. Bu konferensiýada Owganystanyň halkara partnýorlary ýurda gumanitar kömegi bermek barada maslahat ederler.

XS
SM
MD
LG