Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew ýürek näsazlygyndan ejir çekendigini aýdýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew we onuň aýaly. 1-nji oktýabr, 2016 ý.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew we onuň aýaly. 1-nji oktýabr, 2016 ý.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew “garaşylmadyk ýürek näsazlygyndan” ejir çekensoň, goldaw bildiren ähli gyrgyz halkyna sag bolsun aýtdy.

3-nji oktýabrda köpçülige ýaýradylan beýanatynda Atambaýew ähli gyrgyz halkynyň goldawyna minnetdardygyny aýdyp, olaryň doga-dilegleriniň “özüniň sagalmagyna ýardam berendigini” belledi.

Atambaýew ýürek näsazlyklary sebäpli Moskwanyň keselhanasynda saglyk bejergisini alansoň, 1-nji oktýabrda Bişkege geldi diýip, resmiler aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG