Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýada ok atyşygy bes etmek režimini dikeltmäge çalyşýar


Howa zarbalarynda ýaralanan siriýaly çagalar.
Howa zarbalarynda ýaralanan siriýaly çagalar.

Birleşen Ştatlar Siriýada ok atyşygy bes etmek barada indi Russiýa bilen işleşmejekdigini yglan edensoň, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ok atyşygy bes etmek baradaky režimi saklap galmaga synanyşdy. Moskwa bolsa, BMG-niň tagallalaryny dessine böwetlemäge çalyşdy.

3-nji oktýabrda Fransiýa we Ispaniýa BMG-niň geňeşinden Siriýanyň Aleppo şäherinde howadan alnyp barylýan urşy dessine duruzjak çäräni tassyklatmaga çalyşdylar. Emma Moskwa “munuň şowly bolmagy üçin hiç hili mümkinçiligiň ýokdugyny” aýtdy.

Soňky günlerde Aleppodaky ýowuz howa zarbalarynda onlarça adam öldi.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura Siriýada ok atyşygy bes etmek režimini dikeltmek barada Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik tagallalaryň başa barmanyna “örän gynanýandygyny” aýtdy.

Emma ol özüniň bu meselede “syýasy çözgüde gelinmegi üçin hyjuwly” basyş etmäge dowam etjekdigini we “Siriýanyň halkyny gutarnyksyz ýowuz konflikt ykbalyna hiç haçan terk etmejekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG