Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gunduz: Çaknyşyklar ikinji gününde dowam edýär


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäherinde owgan howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky çaknyşyklar ikinji gününde hem dowam edýär.

3-nji oktýabrda daňdan “Talyban” söweşijileri Gunduza garşy hüjüme başladylar. Bu waka “Talyban” söweşijileriniň Gunduz şäherini birnäçe günlük basyp almagyndan ortaça bir ýyl soňa gabat geldi.

Resmileriň 4-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Gunduzyň merkezi söweşijiler arassalanan bolsa-da, çaknyşyklar şäheriň çetinde heniz hem dowam edýär.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sedikki ýaragly adamlaryň parahat ilatyň ýaşaýan jaýlarynda gizlenýändigi sebäpli, bu babatda öňe gidişligiň haýal dowam edýändigini aýtdy.

Gunduz polisiýasynyň başlygy Mohammad Kasim Jangalbag çaknyşyklarda söweşijilerden we hökümetiň howpsuzlyk güýçleriniň agzalaryndan “ýüzlerçe” söweşijiniň öldürilendigini habar berdi. Henize çenli wakada ölenleriň sanyny tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG