Sepleriň elýeterliligi

IMF: Eýranyň ykdysadyýeti ‘güýçli aýaga galdy’


Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Sigmar Gabriel we Eýranyň ykdysadyýet ministri Ali Taýebnia. 3-nji oktýabr, 2016 ý. Tähran

Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Sigmar Gabriel we Eýranyň ykdysadyýet ministri Ali Taýebnia. 3-nji oktýabr, 2016 ý. Tähran

Halkara walýuta fondy (IMF) şu ýylyň birinji ýarymynda Eýranyň ykdysadyýetiniň “güýçli aýaga galandygyny” aýdýar. Bu maglumat Eýranda häkimiýetler ykdysady ösüşi güýçlendirmek üçin reformalary kabul edýän mahalyna gabat geldi.

Halkara walýuta fondunyň resmileriniň Eýrana eden saparyndan soň, 3-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda ýurtda nebit önümçiliginiň we eksportunyň sanksiýadan ozalky derejesine “çalt depginde ýetendigi” aýdylýar.

Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen gelnen ylalaşygyň netijesinde, şu ýylyň ýanwar aýynda Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalar ýatyrylypdy.

Bu aralykda, Eýranyň oba-hojalyk, ulag önümçiligi, söwda we transport pudaklarynda “işleriň güýçlendirilmegi” nebite degişli bolmadyk pudaklarda hem ösüşiň gaýtadan aýaga galmagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG