Sepleriň elýeterliligi

Moskwa golland ilçisine çagyryp, MH17 netijelerini şikaýat etdi


Golland ilçisi Renee Jones-Bos. 3-nji oktýabr, 2016 ý. Moskwa

Golland ilçisi Renee Jones-Bos. 3-nji oktýabr, 2016 ý. Moskwa

Moskwa 3-nji oktýabrda golland ilçisini çagyryp, Ukrainanyň gündogarynda Russiýadan getirilen raketanyň ýolagçy uçaryny urup ýykandygy barada geçen hepde netije çykaran jenaýat derňewi dogrusynda öz şikaýatyny bildirdi.

Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli “MH17” gatnaw belgili uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda urlup ýykyldy. MH17 uçary Amsterdamdan Malaýziýa uçýan mahaly bolan bu wakada 298 adam öldi diýip, derňewleriň netijelerinde aýdylýar.

Niderlandlaryň, Awstraliýanyň, Belgiýanyň, Malaýziýanyň we Ukrainanyň jenaýat derňewçileri ýolagçy uçaryň “BUK” raketasy bilen urlup ýykylandygy we onuň Orsýete tarapdar separatistleriň kontrollygyndaky gündogar Ukrainanyň çäklerinden atylandygy barada “şeksiz delillerimiz” bar diýdiler.

Russiýa aýyplamalara gaharly reaksiýa bildirip, güýçli çaknyşyklar döwründe howa giňişligini ýapmany üçin günäni Ukraina ýöňkemäge çalyşdy.

Bu hereket, geçen hepde golland daşary işler ministri Bert Koendersiň rus ilçisini çagyryp, Moskwanyň “kabul ederliksiz” çykyşy üçin şikaýat bildirmegine getirdi.

Bu herekete jogap hökmünde 3-nji oktýabrda Orsýetiň daşary işler ministri golland ilçisi Renee Jones-Bosy çagyryp, näme sebäpden derňew netijeleriniň “Russiýa tarapyndan kanagatlanarly diýlip ykrar edilip bolmajakdygyny” düşündirdi.

XS
SM
MD
LG