Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-özbek serhediniň ýakasyndaky “çäkli” garyndaşlyk


Türkmen-özbek serhedi. Arhiwden

Türkmen-özbek serhedi. Arhiwden

Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen Dilobar öz ejesini soňky ýoluna ugratmak üçin, atasy öýüne wagtynda baryp bilmändigini aýdýar. Mundan 15 ýyl töweregi ozal Daşoguza gelen Dilobar mirasyma gijä galmagyna özbek-türkmen serhediniň golaýyndaky ilat üçin ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň ýatyrylmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

“Mundan ozal Özbegistana [serhet ýakadaky ilata] hiç hili wizasyz üç gün geçmäge rugsat berilýärdi. Onuň ýatyrylmagy bilen ýakynlarymyzyň ne toýuna, ne-de ýasyna wagtynda baryp bilýäris” diýip, Dilobar öz nägileligini bildirdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan owal Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri döredilip, olar goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz geçip bilýärdiler.

Bu düzgün 2013-nji ýylyň güýzünde ýatyrylandan soň, indi serhet ýakalaryndaky adamlar, şol sanda bir wagtlar Özbegistandan göçüp gelenler hem Türkmenistanyň demirgazyk goňşusyna gidip gelmek üçin 10 günlük wizany almaly bolýarlar.

Emma adamlar 10 günlük bu wizany almak üçin, Aşgabada birnäçe gezek gatnamaly bolýandyklaryny; özbek ilçihanasyna 170 $ möçberinde tölegi geçirip, ähli dokumentleri tabşyranyndan soň hem 10 gün çemesi garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýagdaýlaryň öz gezeginde serhediň aňyrsynda garyndaşlary bar bolan türkmenistanlylary “kyn ýagdaýa” salýandygyna üns çekilýär.

“Bize nähilidir bir habar geläýse, [wizany] wagtynda alyp ýetişmeýäris. Adamyň birinde puly bar, birinde ýok. [Wiza almak üçin] puly bolmasa, nädip gitsin? Wiza hem 10 günde beriljekmi, 12 günde beriljekmi... Ölen-ýiten, agyr ýatan habarlary gelse, biz wagtynda baryp bilmeýäris” diýip, daşoguzly Sona daýza gürrüň berdi.

Sona daýzanyň hem belleýşi ýaly, wizany almak üçin, soralýan pul serişdelerini ödäp bilmeýän hojalyklar hem bar. Daşoguzly beýleki bir ildeşimiz, 60 ýaşly Şirin daýza talap edilýän pul serişdeleriniň ýoklugy sebäpli, Özbegistandaky agtygynyň toýuna baryp bilmeýändigini aýdýar.

“Gyzym toý etjek bolýar. Men indi nädip [Özbegistana] geçjegimi bilmeýärin. Her aýda [üç gün] gyzymy görmäge barýardym. Indi bulam galdy” diýip, Şirin daýza aýtdy.

Türkmen-özbek serhediniň ýakasyndaky adamlar üçin ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň ýatyrylmagy diňe bir ýerli ilatyň gelim-gidimine däl, eýse regiondaky söwda-satuwa hem ýaramaz täsir etdi. Ýeňillikli wiza režimi ýatyrylandan soň, bir tarapdan Özbegistandan getirilýän azygyň, egin-eşikleriň bahalary ýokarlansa, beýleki tarapdan söwdegärler girdeji çeşmesinden mahrum boldular.

Daşoguzly Gülaýym daýza Özbegistana üç gün wizasyz sapar edip bilýän mahaly ol ýerden haryt getirip, söwda edendigini, bu söwdanyň hojalyga gowy girdeji bolandygyny gürrüň berip, indi ol mümkinçiligiň üç ýyldan bäri ýokdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň aradan aýrylmagy Özbegistandan Türkmenistana geçmekçi bolýanlaryň öňünde hem bökdençlikleri döretdi.

Bir özbegistanly Türkmenistana bir gezek baryp gelmek üçin, 115 dollar möçberinde pul tölemeli. Türkmenistanyň raýaty bolmadyklara serhetden geçensoň, öň 6 gije-gündiz bolanlygyndan, üç gije-gündize getirildi.

2004-nji ýylyň noýabr aýynda Buharada iki döwletiň prezidentleri duşuşanlarynda, “Raýatlaryň özara gatnaşyklary we serhet ýakasyndaky welaýatlarda ýaşaýan raýatlara ýeňlleşdirilen gatnaw tertibi” dogrusynda hökümetara ylalaşyga gelnipdi. Emma ýokarda hem belleýşimiz ýaly, 2013-nji ýylda türkmen-özbek serhediniň golaýyndaky adamlara niýetlenen ýeňillikli wiza režimi ýatyrylypdy.

Bu ädimiň sebäpleri we munuň haýsy tarapyň islegi boýunça edilendigi barada hiç hili maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetýaka etraplarynda, aýratyn-da, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 700 müňden artyk özbekleriň, şeýle-de Özbegistyň Horezm sebitinde 8 müňden gowrak türkmeniň ýaşaýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG