Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa boýunça gepleşikleri dikeltmek maslahat edilýär


Siriýada jeňçileriň elindäki Alepponyň bombalanmagy netijesinde ýaralanan çagalar. 29-njy sentýabr.

Siriýada jeňçileriň elindäki Alepponyň bombalanmagy netijesinde ýaralanan çagalar. 29-njy sentýabr.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýada barýan urşy togtatmak boýunça Orsýet bilen mundan beýläk işleşmejekdigini yglan edenindensoň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi atyşyklaryň gaýtadan bes edilmegini gazanmaga synanyşdy. Ýöne Moskwa çalt herekete geçip, onuň bu tagallasyny böwetledi.

3-nji oktýabrda Fransiýa bilen Ispaniýa Siriýanyň Aleppo şäherinde dowam edýän howa kanpaniýasyny derhal turuzjak bir çäre hakda Howpsuzlyk Geňeşiniň razylygyny almaga synanyşdylar. Ýöne Orsýet muny "ýol almak mümkinçiligi ýok" diýip, ret etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura Amerika bilen Orsýetiň atyşyklary bes etmek baradaky diplomatik tagallalarynyň netije bermändigine özüniň "gaty gynanýandygyny", ýöne "syýasy çözgüt" üçin edýän basyşyny bar güýji bilen dowam etdirjekdigini we "Siriýa halkyny tükeniksiz zorlukly konfliktde" ýeke goýmajakdygyny aýtdy.

Fransiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi François Delattre: "Biz Aleppoda barýan ejir-azaby soňlamaga gönükdirilen tagallamyzy Howpsuzlyk Geňeşiniň goldamagy üçin elimizden geleni, adamzada başardýan ähli zady etmegi özümize borç saýýarys" diýdi.

Orsýetiň ilçisi Witaliý Çurkin muňa derrew garşy çykyp: "Awiasiýany ara goşmazlyk terroristleriň islänini etmegine ýol açar. Bu bir gelşikli teklip bolmaz" diýdi.

"Men duşmançylygy togtatmaga hiç bir mümkinçiligi ýok rezolýusiýany Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki agzalarynyň hem köpüsi oňlar öýdemok. Rezolýusiýa kabul edilende bir zat bolar diýip edilýär" diýip, Çurkin aýtdy.

Çurkin üstümizdäki hepdäniň aýaklarynda geňeşde sese goýuljak çäräni Orsýetiň weto edip-etmejekdigini aýtmasa-da, "uçarlaryň ýere indirilmegi birtaraplaýyn ýaragsyzlanmak bolar. Moskwa muny kabul etmez" diýip, gaýtalady.

Çurkin Siriýadaky krizisi çözmegiň iň gowy ýoly "terroristlere garşy güýçli sazlaşykly hereket" diýdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleri Orsýetiň uruş uçarlarynyň we Eýranyň goldamagy bilen gündogar Aleppony ele geçirmek ugrudan söweşýär. Siriýanyň iň uly şäheri bolan Alepponyň ýarysy gozgalaňçylaryň kontrollygynda. Bu ýerde parahat ilatdan 250 müňden agdyk adam gabawda otyr.

Atyşyklary bes etmek baradaky gowşak ylalaşyk öten hepde çökeli bäri Orsýetiň we Siriýanyň harby uçarlary rehimsizlik bilen edýän hüjümleri bilen keselhanalara we suw üpjünçiligine agyr zyýan ýetirdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň rezolýusiýasynyň taslamasynda "kabul ederliksiz we barha artýan zorluga, şeýle hem soňky günlerde Aleppoda howadan edilýän bombaly hüjümleriň güýçlenmegine gahar-gazap bildirilýär", Sirýa hökümeti ynsanperwer kömekleriň sag-aman gowşurylmagy üçin howadan bombalamagy duruzmaga çagyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasynda atyşyklary bes etmek baradaky täze çäre hakda çekişilýärka Moskwa bilen Waşington parahatçylygy ornatmakda diplomatik tagallalaryň başa barmandygy hakda birek-biregi jogapkär etdiler.

Birleşen Ştatlar Orsýet 9-njy sentýabrda atyşyklary bes etmek boýunça gelenen ylalaşykda beren wadalarynda durmady diýip, 3-nji okrýabrda gepleşikleri togtatdy.

"Orsýet barada hemmeleriň sabry tükendi" diýip, Ak tamyň sözçüsi Joş Earnest aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministriniň sözçüsi Maria Zaharowa hem Waşingtony günäledi.

Ol: "Waşington ylalaşygyň esasy şertlerini ýerine ýetirmedi. Olar özleriniň işläp düzen ylalaşygyny ýerine ýetirmän, günäni başga birine üstüne atjak bolýarlar" diýdi.

XS
SM
MD
LG