Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollarynyň” başlygynyň orunbasary işden boşadyldy


“Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň uçary.
“Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň uçary.

Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Watan” programmasynda berlen maglumata görä, “Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Taňryguly Gurbanmuhammedow saglyk ýagdaýy sebäpli ‘Türkmenhowaýollary' döwlet milli gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy”.

Türkmenistanyň resmi mediasynda Gurbanmuhammedowyň saglyk ýagdaýy we onuň wezipesinden boşadylmagy barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Emma bu waka “Türkmenhowaýollarynyň” bergisi sebäpli Orsýetiň türkmen kompaniýasynyň reýslerini ýatyrandygyny mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýetiň resmi maglumatynda “Rosawiasiýa 'Türkmenhowaýollary' türkmen awiakompaniýasyny “Orsýet Federasiýasynda howa hereketlerini guramalaşdyrmak boýunça döwlet korporasiýanyň” öňündäki bergileri sebäpli onuň Orsýet Federasiýasynyň howa giňişligindäki ähli reýslerine howa gatnaw hyzmatlarynyň 19.09.2016-dan soň mejbury togtadylýandygy barada habarly etdi” diýildi.

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň ýokary derejeli hökümet resmileriniň arasynda kadr çalşygy ýygy-ýygydan amala aşyrylýar. Soňky alty aýyň dowamynda “dürli sebäplere görä” 100-e golaý türkmen resmisi wezipesinden boşadyldy ýa-da başga işe geçirildi.

XS
SM
MD
LG