Sepleriň elýeterliligi

Kabul migrantlaryň yzyna ugradylmagy üçin ÝB-ä ýardym eder


Owganystan migrantlaryň yzyna ugradylmagy üçin ÝB-ä ýardym etjekdigini tassyklady.

Owganystan migrantlaryň yzyna ugradylmagy üçin ÝB-ä ýardym etjekdigini tassyklady.

Kabul migrantlaryň syýahat resminamalaryny çykaryp, olaryň ýurda gelmegini kabul etmek arkaly, müňlerçe migrantyň mejbury Owganystana yzyna ugradylmagy üçin Ýewropa Bileleşigine ýardam berjekdigini tassyklady.

Bu baradaky ylalaşyk, 4-nji oktýabrda Brýusselde geçirilen Owganystan boýunça donor konferensiýasy döwründe Germaniýa “Kabul migrantlaryň ýurda ugradylmagyna ýardam berse, onda özüniň gelejekde Owganystana kömek etjekdigini aýdansoň”, köpçülige ýaýradyldy.

Ýewropa Bileleşigi 80,000 çemesi owgan migrantyny yzyna ugratmagy göz öňünde tutýar diýip, “dpa” habar agentligi ýazýar. 2015-nji ýylda 170,000-den gowrak owgan migranty Ýewropa Bileleşiginden gaçybatalga sorady.

Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Kabul Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Owganystana ugradylmaly diýlip hasaplanýan islendik owgan migrantyna dört hepdäniň dowamynda syýahat resminamasyny taýýarlamaly.

XS
SM
MD
LG