Sepleriň elýeterliligi

Kerri ‘Talybany’ Kabul bilen ylalaşmaga çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri “Talybany” ýakynda owgan uruş komandiriniň gelen kararyna eýermäge we Kabulyň hökümeti bilen öz parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga çagyrdy.

5-nji oktýabrda Brýusselde geçirilýän Owganystan üçin donor konferensiýasynda çykyş eden Kerri “Talybanyň möwjeden konfliktiň abraýly soňuna ýetmäge ýol bar. Bu uruş meýdanlarynda ýeňip bolmajak konflikt” diýdi.

Ol geçen aý Gulbuddin Hekmatýar tarapyndan gol goýlan ylalaşygyň “amala aşmagy mümkin zat üçin bir nusgadygyny” aýtdy. Hekmatýar “Hezb-e Islami” söweşiji toparyň ýolbaşçysy bolup, ol Owganystanyň 1990-njy ýyllardaky raýat urşunda esasy şahsyýetleriň biridi.

“Talyban” üçin çaknyşyklary soňuna ýetmegiň ýeke täk ýoly parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmakdan ybarat diýip, Kerri belledi.

XS
SM
MD
LG