Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kreml Russiýanyň adynyň ulanylmagyna gynanç bildirdi


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow.

Kreml Russiýanyň we prezident Wladimir Putiniň Birleşen Ştatlaryň prezidentlige saýlaw kampaniýasynyň “aýrylmaz bir bölegine” öwrülendigi baradaky hakykata gynanýandygyny aýtdy.

“Gynansakda, biz Russiýanyň kartasy we biziň prezidentimiziň adyny agzamak Amerikanyň saýlaw kampaniýasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülendigini bilýäris” diýip, 5-nji oktýabrda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýtdy.

Peskow bu bardaky çykyşy, 4-nji oktýabrda ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlige kandidaty Donald Trump Siriýada ok atyşygy bes etmek barada Russiýanyň ABŞ bilen gelen ylalaşygyny bozandygyny we Putiniň ABŞ liderlerine hormat goýmaýandygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG