Sepleriň elýeterliligi

MHM-niň başlygy 'gözegçiligi gowşatmakda' aýyplandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemine seretdi.

Mejlisiň dowamynda ýurduň milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa berk käýinç berildi.

Baýramow ýolbaşçylyk edýän ministriliginiň ýurtda «durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi» diýip, türkmen telewideniýesiniň habarynda aýdylýar.

Emma döwlet baştutany Baýramowa, «wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin» berk käýinç yglan etdi.

Resmi habarda prezidentiň goýberilendigi aýdylýan kemçilikleri gysga wagt içinde düzetmegi tabşyrandygy, «Milli howpsuzlyk ministrliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklary berendigi» aýdylýar.

Bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, resmilere ilki käýinç bermek, soň olary ýygy-ýygydan çalyşmak Nyýazowdan galan «kesel».

Ýöne ol Milli howpsuzlyk ministrine berlen käýinjiň arkasynda düýpli bir sebäbiň-de bolmagynyň hem mümkindigini, sebäbi ýurtda ýokary professional taýýarlykly milli howpsuzlyk kadrlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde entek edilmeli işleriň kändigini belleýär.

Hanamow ýurtdaky kadr geldi-geçerliginiň dowam etmeginiň esasy sebäbini hemme kararyň bir adam tarapyndan kabul edilmeginde, resmi habarlarda hiç bir anyk zadyň aýdylmazlygynda görýär.

Şeýle-de Hanamow ýurduň milli howpsuzlyk işgärleriniň kanun esasynda, özbaşdak işläp bilmegine mümkinçilik döredilmeýändigini, olardan edilýän talaplary ýerine ýetirmegiň mümkin däldigini aýdýar.

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi 30-njy sentýabrda döredilmeginiň 25 ýyllygyna belledi. Şu geçen gysga döwür içinde oňa ýolbaşçylyk eden ministrleriň ikisi - Sapar Seýidow we Muhammet Nazarow, jenaýat etmekde aýyplanyp, türmä basyldy. S.Seýidow berlen möhletini dolduryp, azatlyga çykdy, emma M.Nazarowyň ykbaly belli däl.

Mundanam başga, MHM-niň onlarça ofiseri uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Olaryň birnäçesi türmede aradan çykdy.

G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň başynda prezident bolanyndan soň, MHM-niň dört ministrini dürli sebäpler esasynda wezipesinden boşatdy.

Häzirki ministr Döwrangeldi Baýramow bu wezipä şu ýylyň martynda bellenildi. Ol bu wezipä bellenilmezinden öň ýurduň gümrük gullugyna ýolbaşçylyk edipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG