Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzda okuwçylary pagta ýygmaga mejbur edýärler


Daşoguzda okuwçylary pagta ýygmaga mejbur edyärler.

Daşoguzda okuwçylary pagta ýygmaga mejbur edyärler.

Daşoguz welaýatynda şu ýylyň 10-njy sentýabryndan, pagta ýygymyna girişildi. Şol döwürden hem «ýowar» diýilýän düzgün ýola goýlup başlady.

Daşoguz şäher we welaýat häkimleri bu «ýowarlaryň» jogapkär guramaçylary boldular. Geçen alty ýylyň dowamynda, mekdep okuwçylaryny mekdepleri ýapmazdan pagta ýygymyna sürýärler.

Türkmenistanda ynsan hukuklary boýunça geçirilen monitoriň barlaglaryň netijelenine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna esasan ýokary we ýörite bilim berýän orta okuw jaýlarynyň studentleri, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler, dürli edara we gurama işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri, kärhana işgärleri, ähli bilim we medisina işgärleri gatnaşdyrylýar.

Pagta ýygym işine aýratyn-da döwlet býujetindäki işgärler köp çekilýär. Barlaglardan mälim bolşuna görä, bu işde ynsan hukuklary düýpli bozulýar. Emeldarlar ynsanlara Konstitisiýa arkaly berlen hukuklary äsgermeýärler, kanuny bolmadyk düzgünlere ýol berilýär. Pagta hasylyny ýygnamak bahanasy bilen adalat terezisiniň bozulýandygyny şeýle mejbury çärelere mejbur edilýän adamlaryň gürrüňlerinden bilse bolýar.

Dilhat

Býujetdäki işgärlerden, ýokary we ýörite okuw jaýlarynyň studentlerinden mejbury ýagdaýda dilhat ýazdyryp alýarlar. Şol dilhat esasynda hem pagta ýygymy möwsümine gatnaşmaga mejbur edilip, bu işi olaryň meýletin edýändigini aýdýarlar. Olar okuwdan çykarylmazlyk üçin, bu işlere gatnaşýarlar.

Şeýle dilhatlar býujet guramalarynyň işgärlerinden hem mejbury talap edilýär. Olardan düşündiriş-şertnama ýazdyryp alýarlar. Ýazmaça düşündiriş-şertnama beren raýatlar pagta ýygymy möwsümine gatnaşmasa, özleriniň işden boşadylmagyny, hatda jogapkärçilige çekilmegini ýazyp beripdirler diýen gürrüň bar.

Türkmenistanda döwlet syýasaty şeýle ýola goýlany üçin, ynsanlaryň hak-hukuklaryny goraýar diýilýän Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Sowet döwründäki ýaly, raýatlary gorky bilen saklaýarlar. Raýatlaryň her bir ädimini yzarlap, başgaça pikir edýänleri soraga çekýärler ýa-da haýbat atmak ýoly bilen gorkuzýarlar. Beýle jemgyýetde ynsan hukuklary barada söz açmagyň özi müşgil wezipe.

XS
SM
MD
LG