Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Google "Duo" wideoaragatnaşyk hyzmatyny hödürleýär


Google firmasynyň "Duo" we "Allo" programmalary.

Google firmasynyň "Duo" we "Allo" programmalary.

Google firmasy "Duo" atly täze wideoaragatnaşyk programmasyny ulanyşa girizýär.

"Duo" programmasy Apple firmasynyň "FaceTime", Micfosoft firmasynyň "Skype" we Facebook sosial ulgamynyň "Messenger" programmalaryna meňzeýär we olardan tapawudy o diýen köp däl.

Duonyň ýeke-täk aýratynlygy bu hyzmaty ulanýan adama kime jaň etmelidigi barada maglumat berýänligidir. Google bu aýratynlyga "knock, knock", ýagny gapyny kakmak manysynda ”tyrk-tyrk” diýip atlandyrýar.

Duo programmasy Google firmasynyň Abdroia we Apple firmasynyň hem iPhone smartfonlary üçin tölegsizdir.

Mundan başga-da Duo programmasyndan peýdalanmak üçin ulanyja diňe telefon nomerini girizmek ýeterlik, ýagny hökmany suratda sanawda durmak zerurlygy ýok.

Telefon gepleşikleriniň gizlinliginiň üpjün edilýändigi üçin, bu hyzmatdan peýdalanýanlara syrynyň açylmak howpy abanmaýar. Ýöne Duo boýunça wideogepleşigiň hilidir lezzeti Internediň tizligine bagly.

Google 2013-nji ýyldan bäri "Hangout" atly wideogepleşik hyzmatyny hödürläp gelýär. Ýöne indi ol bu hyzmaty diňe biznes bähbitleri bilen utgaşdyrmaga synanyşýar.

Duo programmasy barada maý aýynda maglumat berlipdi. Firma jaň edýänlere awtomatiki suratda jogap berýän "Allo" diýip atlandyrylýan kömekçi robot aragatnaşyk ulgamyny hem işe girizmäge taýynlanýar. Kömekçi robot dostlaryňyzyň iberen suratlaryna size derek teswir ýazmaga-da ukyply bolar.

Ýene bir täzelik bolsa "Google Assistant" atly enjamdyr. Ol enjamyň üsti bilen smartfonlary, sagatlary we şoňa meňzeş elektronik abzallary dolandyrmak göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG