Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Sapak alynmadyk ýertitreme


Aşgabat, 1948 ý. Arhiw suraty

Aşgabat, 1948 ý. Arhiw suraty

Aşgabatda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gije bolan, adamzat taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriniň biri hasaplanylýan tebigy hadysa 68 ýyl doldy.

Ýeriň gije, adamlaryň köpüsiniň süýji ukuda ýatan wagty yranmagy, ýaşalýan jaýlaryň ýer sarsgynlaryny asla göz öňünde tutmazdan gurulmagy Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň aşa köp bolmagynyň esasy sebäpleri hasaplanylýar.

Sebäbi adamlar göz açyp-ýumasy salymda öz ýaşap oturan jaýlarynyň harabalygynyň aşagynda galýarlar.

6-njy oktýabrdan 26-njy oktýabra çenli Aşgabatda dokuz müňe golaý adamy SSSR-iň başga şäherlerine ewakuasiýa edýärler.

Ýöne ýertitremesinde ölenleriň sany barada spesialistler dürli pikirleri aýdýarlar. Ýagny birleri ölenleriň 100 müň çemesi bolandygyny aýdýar, beýlekileri 60−70 müň pidanyň gürrüňini edýär. Başga bir hasaplamalara görä, bolsa, ýer yranmasynda ölenleriň sany 36-37 müň adam.

Şol bir wagtda, kinodokumentalçy Roman Karmen tarapyndan düşürilen filmiň halkdan ýaşryn saklanandygy aýdylýar.

Taryhy maglumatlara görä, 1948-nji ýylyň başynda, şäher eteklerini hasaba almanyňda, Aşgabatda 115673 adam ýaşaýan eken. Şol ýylyň ortalaryna çenli bolsa, paýtagtda harbylar bilen, 132 müňe çenli adam ýaşapdyr.

Şol döwürde respublikadaky ruslaryň köpüsi paýtagtda ýaşaýan eken we ölenleriň ýarysyndan gowragynyň milletiniň rus bolandygy aýdylýar.

Taryhçy alym Şöhrat Kadyrowyň maglumatlaryna görä, ýer yranmasyndan soň Aşgabadyň ilatynyň jemi sany 66739 adam bolupdyr, bular ýer yranmasyndan soň gelen3303 adamy hem öz içine alýar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şol döwürde diri galyp, ýowuz tebigy belanyň öňüňde aljyraman, öz adamkärçilik borçlaryny ýerine ýetiren aşgabatlylaryň ählisini gahryman diýip atlandyrmak isleýändigini, ýöne aýratyn atlaryny tutmaly adamlaryň hem bardygyny aýdýar.

Mundanam başga, Bugaýew Aşgabat ýertitremesinden alynmaly sapagyň alynmandygyny aýdýar we bu pikirine delil edip, türkmen paýtagtynda, häli-şindi ýer yranyp durýandygy üçin, garaşsyzlygyň başynda iki-üç gatly jaýdan beýik jaý salynmaz diýlen hem bolsa, soňy bilen köpgatly jaýlaryň barha köp gurulýandygyny mysal getirýär.

Şeýle-de ol häzir Türkmenistanda gurulýan jaýlaryň juda howlukmaç salynýandygyny aýdýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, 1999-njy ýylyň aýagynda günbatar Türkmenistanyň Gazanjyk etrabynda hem ýer yrandy we ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, şonda ýaşaýyş jaýlarynyň 80 prosentden gowragyna erbet zyýan ýetdi.

Emma muňa garamazdan, şol wagty prezident Saparmyrat Nyýazow rus telewideniýesiniň bu hadysa barada beren maglumatyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG