Sepleriň elýeterliligi

Sibirde Staliniň bikanun dikilen heýkeli ýykyldy


Staliniň monumenti, Surgut

Staliniň monumenti, Surgut

Rus häkimiýetleri Sibiriň bir şäherinde Iosif Staliniň bikanun dikilen heýkelini aýyrdylar.

Surgut şäheriniň häkimiýetleri bu heýkeli 6-njy oktýabrda, Stalini goldaýjylar tarapyndan bir aýa golaý ozal dikeldileninden soň ýykdylar.

Staliniň tarapdarlary bu heýkeli diktatoryň arassalaýyşlarynyň pidalarynyň hormatyna dikiljek ýadygärligiň golaýynda dikeldipdiler.

Şäher resmileri bu heýkeliň resmi rugsat almazdan dikeldilendigini aýtdylar.

Hukuk aktiwistleri bu heýkeliň Stalin režimi tarapyndan 1930-njy ýyllarda ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere sürgün edilen adamlaryň garyndaşlaryny ynjydýandygyny aýtdylar.

Şu aralykda nämälim adamlar bu heýkeli iki gezek gyzyl reňke boýap, wandallyk etdiler.

XS
SM
MD
LG