Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Ortaýer deňzine ýene bir gämi ugratdy


Kaspi deňzi, rus gämisi ganatly rekate atýar. 20-nji oktýabr, 2015

Kaspi deňzi, rus gämisi ganatly rekate atýar. 20-nji oktýabr, 2015

Orsýetiň harby-deňiz güýçleri özleriniň bir uruş gämisiniň Ortaýer deňzine, ýurduň bu sebitdäki uruş gämilerine goşulmaga tarap ýola düşendigini aýdýar.

Gara deňiz flotynyň sözçüsi «Malakhit» ganatly raketalary bilen ýaraglanan «Miraž» gämisiniň Sewastopoldaky Krym bazasyny 6-njy oktýabrda terk edendigini aýtdy.

«Miraždan» öň, 5-nji oktýabr güni giçlik bu sebite Gara deňiz flotynyň uzak aralyga ýetýän ganatly, «Kalibr» raketalary bilen ýaraglanan iki uruş gämisi ugrapdy.

Harby-deňiz güýçleri gämileriň iberilmeginiň Moskwanyň sebitdäki deňiz güýçleriniň «planlaşdyrylan gezekleşdirmesiniň» bir bölegidigini aýtdy.

Bu çäre Moskwa Siriýadaky harby deňiz bazasy Tartusa uçara garşy S-300 raketa sistemasyny iberendigini tassyklanyndan soň görüldi.

Şeýle-de bu wakalar Waşingtonyň Orsýet bilen Siriýadaky zorlukly wakalary soňlamak synanyşyklary baradaky gepleşiklerini togtadýandygyny aýdanyndan soň bolýar.

XS
SM
MD
LG