Sepleriň elýeterliligi

YD bombasy türk-siriýa serhedinde 29 adamy öldürdi


Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmus bu hüjümi «adamzada garşy jenaýat» diýip häsiýetlendirdi.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmus bu hüjümi «adamzada garşy jenaýat» diýip häsiýetlendirdi.

Habarlara görä, Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda bolan bomba hüjüminde azyndan 29 adam öldi.

Pidalaryň köpüsiniň pitneçi söweşijiler bolandygy aýdylýar we bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne aldy.

Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy bu hüjümiň 6-njy oktýabrda Idlib welaýatyndaky Ameh geçelgesinde bolandygyny we YD-nyň garşysyna söweşýän, düýbi Türkiýede ýerleşýän pitneçi fraksiýalary nyşana alandygyny aýdýar.

«Yslam döwleti» topary tarapyndan işledilýän «Amaq» habar gullugy janyndan geçen bombaçynyň pitneçileriň konwoýyny nyşana alandygyny habar berdi.

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmus bu hüjümi «adamzada garşy jenaýat» diýip häsiýetlendirdi.

Awgust aýynyň ortasynda, janyndan geçen bombaçynyň hüjümi netijesinde, şu serhet geçelgesinden 30-dan gowrak pitneçi öldürilipdi we onuň jogapkärçiligini YD öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG