Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet gazak hereketiniň lideriniň kelleçanagyny ýurduna gaýtardy


Keýki Batyryň heýkeli. Arkalyk
Keýki Batyryň heýkeli. Arkalyk

Orsýet gazak milli azat ediş hereketiniň lideriniň kelleçanagyny jaýlamak üçin Gazagystana gaýtaryp berdi.

Medeniýet we sport ministrliginiň resmileri Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna Keýki Batyryň kelleçanagynyň 6-njy oktýabrda uçar bilen Sankt Peterburgdan Astana getirilendigini aýtdylar.

Batyryň garyndaşlary öz atalarynyň galyndylaryny getirýän uçary garşylamak üçin Astana aeroportyna ýygnandylar.

Orsýetde awgustda bu kelleçanagy gazak resmilerine jaýlamak üçin bermäge razy boldy.

Keýki Batyr ýa-da Nurmaghanbet Kokembaiuly 1916-njy ýylda patyşa Russiýasyna garşy gazak gozgalaňynyň esasy lideri bolupdy.

Şeýle-de ol 1917-nji ýylda bolşewikler häkimiýet başyna gelende, Sowet Soýuzyny ykrar etmekden boýun gaçyrdy.

Sowetler ony 1923-nji ýylda öldürdiler we onuň kelleçanagy Sankt-Peterburgdaky Kunstkamera muzeýinde saklandy.

XS
SM
MD
LG