Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat gurluşyklaryň 80%-ni ýerli kärhanalara berýär


Gurluşyk işçileri.
Gurluşyk işçileri.

Türkmenistanda binalary gurmak ýa-da olary abadanlaşdyrmak işleriniň 80%-i indiden beýläk ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylar.

“Turkmenistan.ru” websaýtynda 4-nji oktýabrda berlen maglumatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan täze resminamasyna laýyklykda, ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýerli gurluşyk kärhanalarynyň paýynyň gitdigiçe artýandygy aýdylýar. Emma gürrüňi edilen bu dokumente haçan we nirede gol goýlandygy barada açyk maglumat berilmeýär.

Habarda aýdylmagyna görä, bu resminama “ýuridiki taraplar bilen gol çekilen şertnamalar esasynda ýurtda desgalary, jaýlary gurmakdaky ýa-da olary abadanlaşdyrmakdaky, rekonstruksiýa etmekdäki işiň (şertnamada göz öňünde tutulan gurluşyk materiallaryny hem-de tehnikany göz öňünde tutmazdan) 80%-ni türkmen tarapynyň amal etmelidigini kepillendirýär”.

Şol bir wagtda, “ähmiýeti uly bolan senagat binalary salynan, gurlan wagtynda bu resminamadan çykmaga rugsat edilýändigi” hem maglumatda aýdylýar. Emma “ähmiýeti uly bolan senagat binalaryna” nähili gurluşyklaryň degişlidigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Milliardlarça dollar ýurduň daşyna goýberilýär

Ýeri gelende bellesek, täze düzgüni ýerine ýetirmedik ýerli ýa-da daşary ýurt kärhanalaryna garşy nähili çäräniň görüljekdigi barada hem halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Emma resmi metbugatda aýdylmagyna görä, täze resminama laýyklykda, bu çäreler “Türkmenistanda gurluşyk pudagyny ösdürmäge, ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň işleriniň mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem inwestisiýalary has ýerlikli peýdalanmaga gönükdirilendir”.

Berdimuhamedowyň gol goýan bu resminamasy Türkmenistan ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän, ýagny döwlete degişli edara-kärhanalaryň ençemesinde aýlyk haklarynyň wagtynda berilmeýändigi we bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygy barada maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri, ýurtda giň gerimde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň aglabasy daşary ýurt kompaniýalaryna berlip, munuň netijesinde milliardlarça dollar möçberindäki pul serişdesi ýurduň daşyna goýberilýär.

Wagtynda kabul edilen karar

Ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözüne görä, bu resminama “gazdan, nebitden we pagtadan gelýän gyzyl pullaryň ýurduň içinde galmagy üçin, wagtynda kabul edilen karardyr”.

“Iň esasy zat, ýurdy häziri ykdysady krizisden bir zat gorasa, şol ýaňky kabul edilen karar şonuň kerwenbaşysy bolmaly. Sebäbi ýurduň özüniň puly, maliýe serişdesi ýurduň içinde galýar. Şuňa gol çekilmegi ýurduň altyn zapasyny, altyn pulunam tygşytlamaga gowy zat, ýerine ýetirip bilseler...”.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtdaky gurluşyk işleriniň 80%-niň ýerli gurluşyk kärhanalaryna berilmegine olaryň näderejede taýýardygy barada hem dürli garaýyşlar bar.

Bugaýewiň sözlerine görä, ýurtdaky gurluşyklaryň aglabasy Aşgabatda amala aşyrylýar. Emma welaýatdan gelýän türkmenistanlylaryň paýtagtda hasaba durmak meselesindäki käbir býukratik bökdençlikler bolsa, heniz hem dowam edýär.

“‘Propiska’, ýagny “ýazga durmak” kynçylyklary, hünärli işçi kadrlarynyň, ýörite hünär öwrediji tehnikumlaryň ýetmezçiligi sebäpli ýerli kärhanalaryň näderejede taýýardygy sorag astynda galýar. Şol sebäpli, mugtuna hünär mekdeplerini açmaly, okuwyň ýarysy teoriýada, beýleki ýarysam praktikada amala aşyrylmaly. Okuwyň praktika döwründe olara [studentlere] aýlyk haklary tölenmeli” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

XS
SM
MD
LG