Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ilçisi Alepponyň doly weýran boljagyny duýdurýar


 Staffan de Mistura
Staffan de Mistura

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Damask režimini we olaryň rus ýaranlaryny demirgazyk şäher Aleppony jeňçileri ýok etmek üçin weýran etmezlige çagyrdy.

Staffan de Mistura 6-njy oktýabrda Ženewada çykyş edip, eger-de ruslar tarapyndan goldanylýan hökümet güýçleri hüjümi dowam etdirse, gündogar Alepponyň pitneçileriň elindäki ýerleriniň iki aý içinde doly weýran ediljekdigini, ol ýerde ýaşaýan müňlerçe adamyň öldüriljegini aýtdy.

Şeýle-de ol, eger-de bombalaýyş togtadylsa, ozal Al-Nusra front diýip bilinýän Fatah al-Şam Frontyň 900 çemesi jeňçisini bu ýerden hut özüniň başga ýere ugratmagyny teklip etdi.

XS
SM
MD
LG