Sepleriň elýeterliligi

Kadyrowyň çagalar söweşi tankyt edildi


10 ýaşly Ahmad, 9 ýaşly Zelimhan hem 8 ýaşly Adam ýaryşda ýeňiş gazandylar.

10 ýaşly Ahmad, 9 ýaşly Zelimhan hem 8 ýaşly Adam ýaryşda ýeňiş gazandylar.

Telewideniýede görkezilýän çagalaryň söweşlerine Gözegçilik guramalary hökman üns bermelidir diýip, Orsýet prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow mälim etdi.

“Nokaut alyp, urlup ýykylan oglan, özem tele ekranda – munuň özi gözegçilik guramalarynyň beýle waka bilen gyzyklanmagyna bir şertdir” diýip, Peskow žurnalistlere aýtdy.

Çaga hukuklary baradaky ynanylan wekil Anna Kuznesowa Groznyda geçirilen çaga söweşleri barada barlag işleriniň başlanandygyny aýtdy. “Meduza” agentliginiň maglumatyna görä, olar Çeçenistandaky Çaga hukuklary baradaky wekile sorag ýollapdyrlar.

Kadyrowyň Instagram hysaby

Geçen sişenbe güni Groznyda Halkara Grand Prix Akhmat 2016 atly garyşyk başa-baş söweşleriň ýaryşynyň çäginde, ýaş türgenleriň bäsleşigi geçirildi. Olaryň arasynda Çeçenistan Respublikasynyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň üç ogly hem bar. 10 ýaşly Ahmad, 9 ýaşly Zelimhan hem 8 ýaşly Adam ýaryşda ýeňiş gazandylar. Ýaryşyň geçişi telewideniýe arkaly görkezildi.

Russiýa Federasiýasynda Garyşyk söweş sungaty (SMMA) birleşiginiň prezidenti F. Ýemelýanenko Groznyda çagalaryň arasynda geçirilen söweşi ýazgardy. Onuň sözüne görä, bu göreş ýaryşy diňe tomaşa hökmünde geçirilenem bolsa, çagalar hakyky göreşe gatnaşdyryldylar. Ýemelýanenko beýle başa-baş göreşiň 21 ýaşdan ýokardaky professional türgenleriň arasynda geçirilmelidigini belledi. Ol 12 ýaşa ýetmedik çagalaryň beýle ýaryşa tomaşa etmäge-de goýberilmeli däldigini aýtdy.

Ramzan Kadyrowyň doganoglany hem maslahatçysy, Döwlet Dumasynyň deputaty Adam Delimhanow Ýemelýanenkonyň tankydyna bada-bat berk jogap gaýtardy. “Biz özümiz üçin möhüm saýýan söweş bäsleşigini geçirdik, ony mydama-da geçireris” diýdi. Delimhanow: “Nähili adam bolanda-da, ol meniň mähriban ýegenlerim barada, her bir aýdan sözüne jogap bermeli bolar” diýip haýbat atdy.

XS
SM
MD
LG