Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Kawkazda iki şübheli söweşiji öldürildi


Russiýanyň ýörite güýçleriniň agzasy.

Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri Demirgazyk Kawkaz regionynyň Inguşetiýa sebitinde azyndan iki şübheli söweşijini öldürdiler.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, 7-nji oktýabrda Gazi-Ýurt obasynda geçirilen terrorçylyga garşy operasiýalar döwründe söweşiji diýlip güman edilýän iki adam howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Inguşetiýany, Çeçenistany, Dagystany we Kabardino-Balkariýany öz içine alýan Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionynda ýowuzlyklar wagtal-wagtal amala aşyrylýar.

Yslamçy söweşijiler we jenaýatçylykly toparlar Orsýetiň harby işgärlerini we ýerli resmileri ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.

XS
SM
MD
LG