Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-dan Orsýete harby tehnologiýalary eksport etmekde üç adam tutuldy


Birleşen Ştatlaryň raýaty we orsýetli iki adam ABŞ-dan Orsýete örän çeýe harby tehnologiýalary geçirmekden güman edilip tussag edildi.

Birleşen Ştatlaryň raýaty we orsýetli iki adam ABŞ-dan Orsýete örän çeýe harby tehnologiýalary geçirmekden güman edilip tussag edildi.

Birleşen Ştatlaryň raýaty we orsýetli iki adam ABŞ-dan Orsýete örän çeýe harby tehnologiýalary geçirmekden güman edilip tussag edildi diýip, 6-njy oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti aýtdy.

Departament Birleşen Ştatlaryň raýatlygyny alan nýu-ýorkly Alekseý Baryşefiň kontrollykda saklanylýan tehnologiýalary bikanun eksport etmekde tutulandygyny mälim etdi. Şeýle-de, Orsýetiň raýatlary Dmitriý Aleksandrowiç Karpenko we Alekseý Krutilin Baryşew bilen düldüwşik etmekde ele salyndy.

Tussag edilenler günäli tapylsa, onda olar 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek we 1 million amerikan dollary möçberinde pul jerimesini tölemek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Birleşen Ştatlar ýurduň milli howpsuzlygyna wehim salyp biläýjekdigine ynanylýan tehnologiýa enjamlaryň eksport edilmegini çäklendirýär.

XS
SM
MD
LG