Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň ilçihanasy Mataewiň sud işi boýunça aladalanma bildirdi


“Gazak žurnalistler birleşiginiň” başlygy Seýitkazy Mataew. 3-nji oktýabr, 2016 ý.

“Gazak žurnalistler birleşiginiň” başlygy Seýitkazy Mataew. 3-nji oktýabr, 2016 ý.

Birleşen Ştatlaryň Astanadaky ilçihanasy “Gazak žurnalistler birleşiginiň” başlygynyň we onuň oglunyň tussag edilip, höküm edilmegi dogrusynda aladalanma bildirdi.

3-nji oktýabrda Seýitkazy Mataew we onuň ogly, “KazTAG” habar agentliginiň direktory Aset aýry-aýrylykda alty we bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Olaryň ikisi hem, maliýe serişdelerini bikanun öz haýryňa geçirmek we salgyt galplygy barada özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret edýärler.

Birleşen Ştatlaryň Gazagystandaky ilçihanasynyň 6-njy oktýabrda ýaýradan beýanatynda: “Biz Gazagystanda garaşsyz media üçin giňişligiň azalýandygy barada halkara aladalanmalaryna goşulýarys... Biz Gazagystanyň hökümetine ähli raýatlar üçin demokratik hukuklaryň esasy bolan söz azatlygyny we sud prosesini goldamaga çagyrýarys” diýilýär.

XS
SM
MD
LG