Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Kolumbiýanyň prezidenti berildi


Kolumbiýanyň prezidenti Huan Manuel Santos (çepde) we “FARC” pitneçi topardan Timoleon Jimenez aka Timoçenko elleşip salamlaşýar.

Kolumbiýanyň prezidenti Huan Manuel Santos (çepde) we “FARC” pitneçi topardan Timoleon Jimenez aka Timoçenko elleşip salamlaşýar.

2016-njy ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna Kolumbiýanyň prezidenti Huan Manuel Santos eýe boldy.

Bu baýrak Kolumbiýanyň prezidentiniň “FARC” pitneçileri bilen parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagyna we 52 ýyl dowam eden konfliktiň soňuna ýetmegi üçin eden tagallalaryna berildi.

Norwegiýanyň Nobel Komitetiniň 7-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, “prezident Santos Kolumbiýanyň hökümeti bilen “FARC” toparynyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagy bilen tamamlanan gepleşiklere başlady we ol yzygiderli parahatçylyk prosesini öňe tarap alyp gitmäge synanyşdy”.

1962-nji ýylda daýhanlaryň gozgalaňy hökmünde başlan Kolumbiýanyň raýat urşynda azyndan 220,000-den gowrak adam öldi we başga-da millionlarçasy öz ýaşaýan ýerinden başga ýere göçmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG