Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, ÝHHG Politkowskaýa işi bilen bagly Orsýete çagyryş etdi


Anna Politkowskaýanyň portretini göterip barýan adam.

Anna Politkowskaýanyň portretini göterip barýan adam.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Orsýetiň häkimiýetlerini 2006-njy ýylda tanymal rus derňewçi žurnalisti Anna Politkowskaýany öldürmek boýunça kimiň tabşyryk berendigini tapmaga çagyrdy.

Derňewçi žurnalistiň öldürilmeginiň 10-njy ýyldönüminden bir gün öň, ýagny 6-njy oktýabrda ýaýradylan beýanatda ABŞ-nyň Döwlet departamenti soňky 20 ýylyň dowamynda Politkowskaýa we Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky beýleki žurnalistler “korrupsiýanyň, bidüzgünçiligiň we adam hukuklarynyň bozulmalarynyň üstüni açmak tagallalary üçin ar almak maksady bilen öldürildiler” diýilýär.

7-nji oktýabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (Dunja Mijatovic) “bu aýylganç wakadan soň 10 ýylyň geçendigine garamazdan, [Politkowskaýanyň] öldürilmeginiň arkasyndaky adamlaryň erkinlikde bolmagy kabul ederliksiz” diýdi.

Prezident Wladimir Putiniň tankytçysy Politkowskaýanyň raportlarynda Orsýetde ýokary derejedäki korrupsiýa we onuň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky adam hukuklary bozulmalary paş edilipdi. Ol 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda özüniň Moskwadaky kwartirasynda atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG