Sepleriň elýeterliligi

Çöllük Türkmenistanda golf-korty gurlar


Golf-korty. Illýustrasiýa

Golf-korty. Illýustrasiýa

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda sportuň golf görnüşini ösdürmek mümkinçilikleri dogrusynda gepleşikleri geçirdi.

Türkmen döwlet mediasynyň penşenbe güni beren maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda golf-kortyny gurmak we bu ugur boýunça ýaryşlary geçirmek dogrusynda, ABŞ-ly ozalky professional golfçy Jek Niklaus bilen özara pikir alşypdyr.

Ýeri gelende ýatlatsak, Niklausyň eýeçiligindäki "Niklaus Dizaýn" kärhanasy dünýä boýunça golf-kortlarynyň dizaýnyny we gurluşygyny amala aşyrýar.

Jek Niklaus. ABŞ-ly ozalky professional golfçy. Taryh boýunça iň gowy golfçylaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Jek Niklaus. ABŞ-ly ozalky professional golfçy. Taryh boýunça iň gowy golfçylaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Prezident bilen gepleşiginiň dowamynda Jek Niklaus öz kompaniýasynyň 80%-ini çöl düzýän Türkmenistanda golfy ösdürmek boýunça gerekli işleri amala aşyrmaga taýýardygyny mälim edipdir.

Resmi maglumata görä, Niklaus bu ugur boýunça öňki gelnen ylalaşyklar dogrusynda alnyp barylýan işler barada hem hasabat beripdir. Emma türkmen mediasy anyk haýsy ylalaşyklar barada gürrüňiň gidýändigini we bu ugur boýunça edildi diýilýän işleriň mazmunyny aýdyňlaşdyrmaýar.

Şol bir wagtda, Aşgabatda gurulmagy göz öňünde tutulýan golf-korty üçin döwlet býujetinden goýberiljek maliýe serişdeleri baradaky maglumatlar elýeterli däl. Sporta uly üns berýändigini aýdýan Berdimuhamedow Türkmenistanda sport desgalaryny gurmak üçin, uly maliýe serişdelerini goýberýär. Emma Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan türkmenistanlylar ýurt boýunça bina edilýän sport desgalarynyň adatça ulanylman durýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary üçin milliardlarça dollar harçlanýan pursady, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna türkmenistanlylaryň aýlyklarynyň ençeme aýlap berilmeýändigi, şeýle-de döwlet işgärleriniň zähmet haklaryndan, Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin "meýletin" görnüşde bir böleginiň tutulyp galynýandygy dogrusynda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG